Dünýäniň iň uly smartfon bazary hasaplanýan Hytaýda “Oppo” öz bäsdeşleri “Huawei”-den we “Xiaomi”-den ozup, birinji boldy. Soňky ýyllarda “Huawei” smartfon satuwynda dünýä bazarynda hem birinji bolupdy. “Counterpoint Research” şereketiniň maglumatlaryna görä, “Oppo” şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdaky satuwyny 33 göterim artdyryp, bazaryň 21 göterimini eýeledi. “Huawei” we “Vivo” brendlerinde bu görkeziji 20 göterim boldy. “Apple” kompaniýasynyň “iPhone”-larynyň bazar paýy 16 göterim bolup, ilkinji bäşlige girdi. “Conterpoint”-iň maglumatlaryna görä, “Huawei”-iň satuwy 2021-nji ýyl ýylda hem pese gaçmagyny dowam eder.