Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň binýadynda durnukly ösüşi gazanmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara standartlarynyň derejesine çykarmak, dünýä tejribesiniň iň oňat gazananlaryny halkymyzyň milli aýratynlyklaryny nazara alyp ornaşdyrmak döwlet we milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.

2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” milli ykdysadyýetimiziň hil taýdan ösüşiniň täze başlangyjy bolup durýar. Sanlylaşdyrmak hadysasy adamyň durmuşynyň we işiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine täsir edýär. Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bolsa, diňe bir ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň döremegine itergi bermek bilen çäklenmän, möhüm durmuş ähmiýetine eýe bolmak bilen, jemgyýetiň wajyp meseleleriniň çözülmegine ýardam berýär. Bu meselelere ilatyň sowatlylygynyň derejesiniň, maddy-hal ýagdaýynyň ýokarlanmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýeňilleşmegi, daş-töweregi goramak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi we beýlekiler degişlidir. Esasy ýetilen sepgitleriň biri bolsa, “adamyň zerurlyklaryny” kanagatlandyrmaga gönükdirilen täze gymmatlyklaryň döremegidir. Şonuň bilen birlikde, sanlylaşdyrmak söwda, iş bilen üpjünçilik, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynyň oňyn üýtgemegine hem täsir edýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” “Internet-banking”, «Mobile-banking» ulgamlarynyň üsti bilen türkmenistanlylaryň bank kart hasaby boýunça amala aşyryp biljek amallarynyň sanawyny giňeltmek kesgitlenildi. Ýurdumyzyň banklarynda müşderilere hödürlenilýän menzilara bank hyzmatlaryny döwrebap maglumat howpsuzlyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly has-da kämilleşdirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylar. Banklar tarapyndan “Internet-banking” ulgamynyň mümkinçiliklerini öz müşderileri bolan, edara görnüşli taraplara, hususy telekeçilere we raýatlara hödürlemek maksady bilen, müşderileriň bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmak, ýagny internet ulgamynyň üsti bilen töleglerini giňeltmek ugrunda degişli işler geçiriler.

Şeýle hem, elektron söwda ulgamyny ösdürmek, söwda we hyzmatlar amala aşyrylan mahaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşleriniň, şol sanda telefon, internet ulgamlarynyň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmegi ýola goýmak boýunça işleri amala aşyrmak hem ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Elektron söwdanyň ösmegi, ýurduň içerki önümçilik bazarynyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek bilen çäklenmän, söwda ulgamynda umumy işewürlik we bädeşlik gurşawynyň gowulanmagyna hem täsir edýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda elektron söwdanyň tehnologiýalarynyň, esasan-da B2B we B2G ulgamlarynda has ösen bolmagy, Türkmenistanyň halkara elektron söwdasyna goşulmagy bilen baglanyşykly ädimleri ädýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa, önümçiligiň ösmegi, eksport-import amallarynyň hasabyna türkmen işewürleriniň hem-de döwletimiziň girdejileriniň artmagy üçin zerur bolan şertleri döredýär.

Sanly ykdysadyýet şertlerinde içerki we halkara elektron söwdasynyň netijeli ösüş depginiň gazanylmagy bilen, halk hojalygynyň öňünde birnäçe soraglaryň ýüze çykýandygyny hem bellemek zerurdyr. Hususan-da, bu soraglaryň zähmet resurslaryna degişlidigine üns berilmelidir. Sebäbi, sanly ykdysadyýetiň halk hojalygyna giňden ornaşdyrylmagy, hereket edýän hünärleriň köpüsine täzeden seretmek zerurlygyny ýüze çykarýar.

Döwletiň geljek döwürdäki ösüşi onuň tebigy, senagat, ykdysady we adam resurslary bilen kesgitlenilýär. Bu resurslaryň netijeli ulanylmagy döwlet kadalaşdyrylyşynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan, ýagny sanly ykdysadyýet şertlerinde önümçiligiň, ykdysady ösüşiň, ahyrky netijede döwletiň bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktory hökmünde, ilkinji nobatda adam resurslarynyň çykyş edýändigini bellemek zerurdyr.

Şeýlelik-de, ýurtda sanly ykdysadyýetiň işjeň ornaşdyrylýan, ösdürilýän şertlerinde adam resurslarynyň intellektual derejesiniň ähmiýetliligi has-da ýokarlanýar. Kärhanalaryň öz işgärlerine bildirýän talaplary hem ýokarlanýar. Şol sebäpli kärhananyň işgärleri sanly ykdysadyýet şertlerine mahsus bolan talaplary, ýagny bazaryň çalt üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak başarnygy, maglumat tehnologiýalar boýunça bilim, hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary zähmet öndürijiligini gazanmak, işe gönükdirilen ýaly talaplary berjaý etmäge taýýarlykly bolmagy zerurdyr.

Döwran Ýazdurdyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet

we dolandyryş institutynyň talyby.