Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi (ÝB) 2030-njy ýy­la çen­li äh­lu­mu­my ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­niň 20 gö­te­ri­mi­ni dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ko­mis­si­ýa­sy teh­no­lo­gi­ýa­da has öňe git­mek mak­sa­dy bi­len san­ly ul­gam stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär. Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de se­bit­dä­ki uly ýaş­ly ila­tyň 80 gö­te­ri­mi esa­sy san­ly ba­şar­nyk­la­ra eýe bo­lar. Yg­ty­bar­ly we ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li dur­nuk­ly san­ly inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­dil­me­gi, äh­li öý­le­riň gi­ga­bit tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün edil­me­gi we köp adam­ly ýer­ler­de 5G ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň el­ýe­ter­li edil­me­gi hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem Ýew­ro­pa­daky­ il­kin­ji kwant komp­ýu­te­ri gur­lar. Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň 75 gö­te­ri­mi mag­lu­mat­lar we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­nar, ba­ha­sy 1 mil­liard dol­lar­dan gow­rak bo­lan 250 tä­ze teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy dö­re­di­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, äh­li esa­sy jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­la­ry­nyň in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­len­me­gi ýo­la goý­lar.

Baý­ram­gel­di HU­DAÝ­BER­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.