Astronomlar asman giňişliginde ýaşaýşyň alamatyny gözlemegi dowam etdirýärler. Golaýda Marsa bu maksat bilen ugradylan robotyň ýaşaýşyň nyşany hasaplanýan metan gazynyň alamatyny tapmandygy mälim edilipdi. Älemi öwrenijiler köp ýyldan bäri Ýupiteriň hemrasy “Europa”-da hem ýaşaýşyň alamatyny gözleýär. NASA-nyň hünärmenleri bu asman jisiminde suw bugunyň bardygyny anyklandyklaryny, munuň ýaşaýşyň çeşmesi bolmagynyň mümkindigini bellediler. Mundan ozal, “Cassini” kosmos teleskopy tarapyndan Saturnyň hemrasy “Enceladus”-da hem buguň bardygy anyklanypdy. NASA “Europa”-daky suw buguny “Hubble” teleskopy arkaly alnan maglumatlaryň netijesinde anyklady. Suw bugunyň asman jisiminiň buz bilen örtülen günorta polýusynda bardygy aýdylýar.
Ýupiter Gün ulgamynyň iň uly planetasy hasaplanýar. Ol Gün tarapdan sanalanda 5-nji ýerde durýar. Planetada köp mukdarda wodorod we geliý gazy bar. Onuň 67 hemrasy bolup, 1610-njy ýylda Galileo Galileý onuň hemralarynyň dördüsini ýönekeý teleskop akaly açypdyr – “Io”, “Europa”, “Ganymede” we “Callisto”. Häzirki wagtda olar Galileý hemralary diýlip atlandyrylýar.
1970-nji ýyla çenli Ýupiteriň 13 hemrasy açyldy. Soňky ýyllarda alnyp barylýan gözlegleriň netijesinde, 67 tebigy hemrasynyň bardygy ýüze çykarylypdy. “Europa”planeta ýakynlygy babatda ikinji ýerde durýar. Onuň ýüzi buz bilen örtülendir. Astronomlar onuň aşagynda äpet ummanyň bolmagynyň mümkindigini, şol sebäpli ol ýerde ýaşaýşyň bolup biljekdigini çaklaýarlar hem-de ony anyklamak üçin köp ýyldan bäri iş alyp barýarlar.