Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär.

12-nji martda  hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Taslamany maliýeleşdirmegi döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan, awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn, bilimli we zehinli ýaşlary terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny, maşgala däplerini döredendigini belledi. Halkara kadalardan hem-de ynsanperwerlik däplerinden ugur alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, okgunly ösýän Watanymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, seýilgähler, dynç alyş zolaklary gurulýar. Şeýlelikde, ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähini gurmak barada hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.