21-nji martda dünýäde giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri hem Bütindünýä şygryýet günüdir. Mälim bolşy ýaly, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan birnäçe ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýär. Şol gün ýene-de bir baýramçylyk – Bütindünýä şygryýet güni hem baýram edilýär. Bu baýramçylyk ÝUNESKO-nyň 1999-njy ýylda Parižde geçirilen 30-njy mejlisinde döredilipdi. Bütindünýä şygryýet gününiň esasy maksatlaryndan biri dil dürlüligini ösdürmek we howp abanýan dilleri poeziýa arkaly goldamakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, şol gün geçirilýän çäreler poeziýanyň ösmegine, teatr, tans, aýdym-saz, surat ýaly beýleki sungatlaryň arasyndaky arabaglanyşygyň dikeldilmegine gönükdirilendir. Bütindünýä şygryýet gününde şahyrlary hormatlamak, goşgy okamagyň däplerini janlandyrmak, goşgy okamaga, ýazmaga we öwretmäge bolan gyzyklanmany artdyrmak ýaly ugurlarda dürli köpçülikleýin çäreler guralýar.
Ahat NURÝAGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.