Wise-prezident bolup işlän Samia Hassan Suluhu, döwlet Baştutany Jon Magufuli aradan çykandan soň Tanzaniýanyň altynjy Prezidenti wezipesine girişdi. Bu barada Tanzaniýanyň “The Citizen” gazeti habar berýär. Dabara Tanzaniýanyň iň uly şäheri Dar-es-Salamda Prezident kabulhanasynda geçirildi. Samia Suluhu ýurduň taryhynda döwlet Baştutany wezipesine girşen ilkinji zenan boldy.
Tanzaniýanyň bäşinji Prezidenti Jon Magufuli 17-nji martda Dar-es-Salamda ýürek ýetmezçiligi sebäpli 62 ýaşynda aradan çykdy. Tanzaniýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutany wezipesine girişen 61 ýaşly Samia Suluhu, mandatyň ähli möhleti gutarýança – 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bu wezipäni dowam etdirip biler.
Samia Hassan Suluhu Zanzibar adasynda doguldy we syýasy karýerasyna 2000-nji ýylda ýerli Parlamente saýlanandan soň başlady. 2015-nji ýylda Jon Magufuli Tanzaniýadaky şol wagtky geçirilen Prezident saýlawlarynda ony wise-prezident hökmünde saýlady.