Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasynda gurnalan sergide ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ulgamlarynda ýöriteleşen telekeçiler we hususy öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň giň görnüşleri görkezildi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Erkin”, “Ter miweler” kompaniýalary, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Miweli ülke”, “Noş” hususy kärhanalary bar. Olar özleriniň gök we miwe önümlerini hödürlediler. Şol önümleriň hatarynda gök önümleriň hem-de miweleriň, şol sanda almalaryň, erikleriň, şetdalynyň, narlaryň, limonlaryň, pomidorlaryň, hyýarlaryň, badamjanyň, bolgar burçunyň, şugundyryň, käşiriň, kelemiň, ýeralmanyň hem-de dänelik, kösükli we bakja ekinleriniň, bugdaýyň, mekgejöweniň, soýanyň, mäşiň, gawunlaryň, garpyzlaryň, kädileriň köp görnüşleri bar.
“Miweli ülke” hususy kärhanasy azyklyk önümleriň, hususan-da, ýeralmadan taýýarlanylýan önümleri öndürýän önümçilik toplumynyň gurluşygyny alyp barýar. Kärhana 1 müň tonna et, süýt, gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammara eýedir.
—“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň monitorynda miwe-gök önümleriň hasylynyň ýygnalmagynyň tamamlanan senesi, önümiň ýüklenen hem-de onuň ýyladyşhanadan ugradylan senesi, ýurduň we müşderiniň ady, ýüküň agramy hem-de beýleki degişli maglumatlar bilen birlikde, ýyladyşhana toplumy tarapyndan amala aşyrylýan, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň sanawy görkezildi. Bu ýerde şeýle hem içeri we daşary bazarlarda gök önümleriň ýerlenilmeginiň ösüşi görkezildi.
“Nurly meýdan” daýhan hojalygy guşçulyk pudagynyň önümlerini görkezdi. Bu daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji gezek inkubasiýa guşçulygy boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu taslama ugurdaş tehnologiýalary peýdalanyp, broýler guşunyň etiniň we ýumurtgalarynyň önümçiligini senagat derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bu daýhan hojalygy mallar üçin ozal daşary ýurtlardan getirilýän iýmleriň önümçiligini hem özleşdirdi.
“Bolelin” we “Ak toprak” hojalyk jemgyýetleri et we şöhlat önümlerini, “Gönezlik” hojalyk jemgyýeti süýt önümlerini, “Çöl gämisi” hojalyk jemgyýeti düýe çalyny we aýrany hödürlediler.
“Hasar”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar” kärhanalary türkmenistanlylarda uly meşhurlykdan peýdalanýan dürli görnüşli süýji-köke we şokolad önümlerini görkezdiler.
“Nur” hojalyk jemgyýeti, “Çynar”, “Täze aý”, “Ýunus” hususy kärhanalary özleriniň önümlerini—ketçupy, maýonezi, mürepbäni, un önümlerini, gök we miwe önümleriniň şerbetlerini, doňdurmany, şeýle hem şekersiz sakgyçlary, çigitleriň we maňyzlaryň gaplanan görnüşlerini hödürlediler.
“Ýedi dogan nur” hojalyk jemgyýeti gaplaýyş önümlerini, şol sanda kagyzdan goş haltalary çykarýar.
“Arçalyk” kärhanasy hem ilatda uly isleg bildirilýän önümlerini hödürlediler. “Halk market” süýji-köke we gaplanan önümleriň, duzlanan önümleriň we mürepbeleriň, doňdurylan önümleriň we doňdurmalaryň görnüşlerini görkezdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň diwarlyklarynda pudaklaýyn düzümler tarapyndan öndürilýän gök we bakja önümleriniň hem-de beýleki önümleriň köp görnüşleri bar.
Şeýle hem sergide halkara ölçeglerine kybap gelýän we önümleriň saklanylyşy nukdaýnazaryndan hem-de ekologiýa ugruna degişli talaplara laýyk gelýän kagyzdan taýýarlanylan gaplaryň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi.