26-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi. Olaryň dowamynda möhüm ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garalar.

2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, Hökümetleriň degişli agzalarynyň, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri firmalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşyklaryny guramak teklip ediler.

Mundan başga-da atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.