Ger­ma­ni­ýa­nyň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da ýur­duň 2020-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ýy­la­dyş­ha­na gazy­ny 1990-njy ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­den 40,8 gö­te­rim azal­dan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Taý­ýar­la­nan ha­sa­bat­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün edil­me­gi hem-de ge­çen ýyl ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýyň bu mak­sat­na­ma­da bel­le­nen sep­gi­de ýe­til­me­gi­ne go­şant go­şan­dy­gy aý­dyl­ýar. Ýur­duň daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Swen­ýa Şulz hem-de Fe­de­ral Daş­ky gur­şaw eda­ra­sy­nyň we­kil­le­ri taý­ýar­la­nan ha­sa­bat ba­ra­da köp­çü­li­ge mag­lu­mat ber­di. Ha­sa­bat­da 2020-nji ýyl­da ýy­la­dyş­ha­na ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ri­li­şi 1990-njy ýyl­da­ky­dan 40,8 gö­te­rim, 2019-njy ýyl­da­ky­dan 8,7 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Mag­lu­mat­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, ge­çen ýyl ýurt­da 739 mil­li­on ton­na ýy­la­dyş­ha­na ga­zy çy­kyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň ozal­ky ýyl­da­ky­dan 70 mil­li­on ton­na az­dy­gy mä­lim edil­di. Zy­ýan­ly gaz­la­ryň pe­se gaç­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri hök­mün­de za­wod-fab­rik­le­riň iş­le­ri­ni tog­tat­ma­gy, ulag we uçar gat­na­wy­nyň azal­ma­gy gör­ke­zil­di. Fe­de­ral Daş­ky gur­şaw eda­ra­sy­nyň mü­di­ri Dirk Mess­ner pan­de­mi­ýa se­bäp­li çäk­len­dir­me­le­r ýü­ze çyk­ma­dyk hem bol­sa, göz öňün­de tu­tu­lan mak­sa­da ýe­til­jek­di­gi­ne, em­ma pan­de­mi­ýa­nyň hem tä­si­ri­niň uly bo­lan­dy­gy­na ün­si çek­di.
Daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Şulz Ger­ma­ni­ýa­da 2019-njy ýyl­da ka­bul edi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ka­nu­nyň bu ösüş­de tä­si­ri­niň uly bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Ag­zal­ýan ka­nu­nyň çäk­le­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky hal­ka­ra borç­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ga­raş­syz bi­ler­men­ler­den eme­le ge­len ge­ňeş dö­re­dil­di. Bu ge­ňeş her ýyl­da mak­sat­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan sep­git­le­re nä­de­re­je­de ýe­ti­len­di­gi­ne ba­ha ber­ýär. Ka­nun­da Gat­naw, Ener­gi­ýa, Gur­lu­şyk, Oba ho­ja­lyk we Se­na­gat mi­nistr­lik­le­ri­nde bel­le­nen sep­gi­de ýe­til­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ger­ma­ni­ýa­nyň 2020-nji ýyl üçin bel­le­nen sep­gi­de ýet­me­gi­niň ar­ka­ýyn­laş­mak üçin se­bäp däl­di­gi­ne ün­si çe­ken mi­nistr ýur­duň bu ugur­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň daş­ky gur­şaw ba­bat­da­ky mak­sat­la­ry­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şulz ne­mes hö­kü­me­ti­niň ýel we Gün ener­gi­ýa­sy­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy üçin taý­ýar­lan mak­sat­na­ma­sy­nyň gel­jek on ýyl­da iki es­se art­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şulz 2030-njy ýy­la çen­li ýy­la­dyş­ha­na ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ri­li­şi­niň 1990-njy ýyl­da­ky bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 55 gö­te­rim azal­dyl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, 2015-nji ýyl­da Pa­riž­de daş­ky gur­şa­wa ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len hal­ka­ra sam­mit­de dün­ýä ýurt­la­ry üçin tä­ze sep­git­ler bel­le­ni­lip­di. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da, esa­san, kö­mür­tur­şy gazy­nyň ho­wa goý­be­ri­li­şi­niň azal­dyl­ma­gy, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy we ýa­şyl zo­lak­la­ryň kö­pel­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.