Ýaponiýanyň “Lexus” brendi 2025-nji ýyla çenli 20 sany elektroulag modelini taýýar etmegi maksat edinýär. “Toyota”-nyň ýokary klasa degişli ulaglaryny öndürýän brendi bolan “Lexus” häzirki wagtda premium derejedäki gibrid ulag önümçiliginde dünýäde öňdeligi eýeleýär. Kompaniýa dürli ululykdaky gibrid ulaglarynyň sanyny hem artdyrmagy maksat edinýär. Ýapon brendi ilkinji gibrid ulagyny “RX 400h”-i 2005-nji ýylda öndüripdi. Häzire çenli kompaniýa dünýä bazarynda 2 milliona golaý gibrid ulag ýerledi. Häzirki wagtda “Lexus” dünýäde 90 töweregi ýurda dokuz sany gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän ulag satýar. Ýapon kompaniýasy elektroulaglary üçin “LF-Z Electrified” atly platformany işläp taýýarlady. Bu platforma “DIRECT4” atly dört tigiri aýlanýan tehnologiýany özünde jemleýär. Şeýle hem bu platformanyň esasynda gurlan ulaglarda ösen maglumat-güýmenje ulgamy bolar. “Lexus” 2025-nji ýyla çenli dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän (BEV), batareýasyna zarýad berip bolýan gibrid (PHEV) we öz-özüne zarýad berip bilýän (HEV) ulaglaryň 20 sany täze ýa-da täzelenen nusgasyny satuwa çykarar. Şeýe hem kompaniýa 2025-nji ýyla çenli ähli modelleriniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşine hem öndürer. Bu döwürde global satuwyň ýaryndan gowragy elektrik motory bolar.