Dün­ýä ila­ty­nyň yzy­gi­der­li kö­pel­me­gi bi­len, Ýer ýü­zün­dä­ki adam­la­ryň kö­pü­si­niň ömrüniň belli bir döw­rün­de gür ilat­ly şä­her­de ýa­şa­ma­gy äh­ti­mal. Şo­ňa gö­rä, alym­lar sag­dyn bol­mak üçin şä­her­le­ri­mi­zi ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­me­li­di­gi­mi­zi öňe sür­ýär­ler.

Gün­do­gar Ang­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­ tarapyndan ge­çi­rilen bar­lag­la­r­da ýa­şyl zo­lak­la­ryň süý­ji ke­se­li­niň how­pu­ny, ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ni, bi­wagt ölü­mi, wag­tyn­dan öň do­gul­ma­gy, stre­si we ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­ny azal­dyp bil­jek­di­gi­ ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ke­sel­le­riň kö­pü­si dün­ýä­dä­ki ölü­miň esa­sy se­bä­bi bo­lup dur­ýar.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi şä­her­ler­de, onuň her üçünjisi bol­sa ýa­rym mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan şä­her­ler­de ýa­şar. Ila­tyň gür­lü­gi­niň barha ýo­kar­lan­ma­gy jaý gur­mak mak­sa­dy bi­len gök agaçlaryň ýok edil­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Bu ýag­daý şä­her man­za­ry­na tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, oba bi­len şä­her dur­mu­şy­nyň ara­syn­da­ky tapawudy artdyrýar.
Es­te­ti­ka­dan baş­ga-da şä­her­ler­de daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy, gu­rum­ly tüs­se we gyz­gynlyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy ýa­ly uly me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­lar. Alym­lar agaç­la­ryň we ösüm­lik­le­riň bu me­se­le­le­riň çöz­gü­di bo­lup bil­jek­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Ýer ýet­mez­çi­li­gi me­se­le­si­ni çöz­mek maksady bilen hü­när­men­ler ýa­şyl di­war­lar we üçek bag­la­ry ýa­ly üýt­ge­şik çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar. Olar oba we şä­her gur­şa­wy­ny bi­ri-bi­rin­den düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­dyr­maz­ly­gy tek­lip ed­ýär­ler.
Sag­ly­gy­my­zy go­wu­lan­dyr­mak üçin şä­her­le­ri­miz nä­çe­räk ýa­şyl bol­ma­ly? Do­kuz sa­ny uly bar­lag ge­çi­ri­len­den soň, «Lancet Pla­net Health» öýüň tö­we­re­gin­dä­ki gök agaçlaryň meý­da­nynyň bir­ne­me gi­ňel­dil­meginiň öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­na tä­sir edip bil­jek­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy. Hü­när­men­ler ýe­di ýurt­da 8,3 mil­li­on adam­dan mag­lu­mat ýyg­na­dy­lar we gök agaçlaryň 10 gö­te­rim artdyryl­ma­gy­nyň ir­ki ölü­miň or­ta­ça dört gö­te­rim azal­ma­gy­na se­bäp bo­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Agaç oturdylan çäk­ler­de ge­çi­rilen bar­lag­lar­da bag bilen ör­tü­len ýer­ler­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň ir­ki ölüm de­re­je­si­niň pes­di­gi bel­li bo­lup­dyr.
Pa­ri­ži has dur­nuk­ly et­mä­ge gö­nük­di­ri­len beý­le­ki tas­la­ma­lar bi­len bir ha­tar­da, Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň hä­ki­mi An­ne Idal­go ge­çen ýyl «şä­her to­ka­ýy­nyň» dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Hä­ki­mi­ýet­ler şä­he­riň dört ýe­rin­de ho­wa­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gar­şy dur­mak üçin «salkyn ada­la­ry» dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Şä­her hä­kim­li­gi 2030-njy ýy­la çen­li Pa­ri­žiň 50 gö­te­rim çäk­le­ri­ni bagy-bossanlyga büremegi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin hä­ki­mi­ýet­ jaý­la­ryň üçek­le­ri­ni hem ulan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň şä­her­le­rin­de has köp agaç ek­me­gi maksat edinýär. Ge­çen ýyl yg­lan edi­len 10 mil­li­on ýew­ro­lyk me­ýil­na­ma­da Lon­don­dan Şot­lan­di­ýa­nyň Aber­di­ne şä­he­ri­ne çen­li 130 müň agaç na­hal­ynyň otur­dyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Öň­ki daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Maýkl Gow: «Agaç­la­r ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­de mö­hüm rol oý­na­ýar» di­ýip bel­le­di.
Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, gök agaçlaryň yk­dy­sa­dy peý­da­sy hem bar. Se­ýil­gäh­le­riň we ýa­şyl zolaklaryň her ýyl fi­zi­ki we ru­hy sag­lyk üçin 34,2 mil­liard ýew­ro gir­de­ji ge­tir­ýän­di­gi­ni ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri gör­kez­di.
Beýik Britaniýanyň iň ga­dy­my ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­sy «Fields in Trust»-yň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji mü­di­ri He­len Grif­fits bu ba­ra­da şeý­le diý­di:
– Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Mil­li sag­lygy goraýyş ul­ga­my NHS se­ýil­gäh­le­re ýy­gy-ýy­gy­dan bar­ýan­dy­gy üçin luk­ma­na ýüz tut­ma­ýan­lar­yň hasabyna ýyl­da 111 mil­li­on ýew­ro tyg­şyt­la­ýar.
«Lancet Pla­net Health»-iň bar­lag­la­rynda agaç­la­ryň ho­wa­ny ha­pa­la­ýan mad­da­la­ry azal­dyp bil­jek­di­gi ýüze çykaryldy. Şeý­le hem agaçlaryň şä­he­rdäki hereketlerden eme­le gel­ýän güwwüldini we gyzgynlygy ep-es­li azalt­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Bir wagt­lar to­kaý­da­ky şä­her hök­mün­de ta­nal­ýan ABŞ-nyň At­lan­ta­ şä­he­ri agaç ek­me­giň tä­si­ri­ni öw­ren­mek üçin go­wy my­sal­dyr. 1973-nji we 1999-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da söw­da mer­kez­le­ri­niň, ýol­la­ryň we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin 225 müň gek­tar­ meý­da­nyň agaç­la­ry ke­sil­di. Bu gür to­kaý ör­tü­gi­niň ýit­me­gi tu­pan wag­tyn­da kö­çe­ler­den su­wuň üç es­se köp ak­ma­gy­na se­bäp bo­lup, suw joş­ma äh­ti­mal­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Tä­ze howp­la­ra gar­şy gö­reş­mek üçin hä­ki­mi­ýet­ler gym­mat ba­ha­ly öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni ulan­ma­ly bol­du­lar. Ba­gy-bos­san­lyk şä­he­riň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni hem pe­seld­ýär, se­bä­bi sa­ýa­ly agaç­lar bi­na­lar­da­ky ýo­ka­ry şöh­le­len­di­ri­ji ma­te­ri­al­la­ryň goý­ber­ýän gyz­gyn­ly­gyn­dan go­ra­ýar. At­lan­ta­nyň my­sa­ly agaç­la­ryň şä­her­ler­de to­msu­na ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni azald­ýan­dy­gy­ny, ho­wa­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­niň tö­we­rek­dä­ki oba ýer­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 1-4 de­re­je ýo­ka­ry bo­lma­gy­nyň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Şeý­le hem agaç­lar ho­wa­nyň aşa so­wa­ma­gy­ny azalt­mak bi­len, se­bit­dä­ki ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni pe­seld­ýär.