Howa sammitine çagyrdy. ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 22-23-nji aprelde geçiriljek howa sammitine dünýäniň 40 döwletiniň Liderlerini çagyrdy. «Ýygnak onlaýn ýagdaýda geçiriler» diýlip, Ak Tamyň beýanatynda tassyklanýar. Mundan ozal Jozef Baýden žurnalistlere ýakyn wagtda geçiriljek klimat sammitine çagyrylanlaryň arasynda Russiýanyň we Hytaýyň liderleriniň bardygyny aýdypdy. Ak Tamyň beýanatynda maslahata Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň we Ýaponiýanyň liderleri çagyrylypdyr.
Kazanda duşuşarlar. Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň baştutanlarynyň däp boýunça duşuşýan Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň ýygnagy 30-njy aprelde Kazanda ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçiriler. Bu barada Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň başlygynyň kömekçisi Iýa Malkina mälim etdi. Onuň pikiriçe, ýygnagyň gün tertibi 2025-nji ýyla çenli senagat hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem organiki oba hojalyk önümleriniň erkin ýollanmagyny üpjün etmek üçin «ýol kartasyny» öz içine alýar.
Uly nebit ýatagy tapyldy. Meksikanyň döwlet nebit we gaz kompaniýasy «Pemex» ýurduň Tabasko ştatynda uly nebit ýatagyny tapdy. Bu sebitde nebit gözlemek boýunça işleriň 2018-nji ýylyň ahyryndan bäri alnyp barylýandygy bellenilýär. Nebitçiler göwrümi 500-600 million barrele barabar bolan üçünji uly ýatagy tapmagy başardylar. Mundan öň Meksikanyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador ýurduň nebit pudagyna aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Ol 2024-nji ýyla çenli Meksikada «gara altyn» önümçiliginiň günde iki million barrelden geçmejekdigini aýtdy.
Täze hasabatyny ýaýratdy. «World Happiness Report»-yň täze hasabatynda Finlýandiýa dünýäniň iň abadan ýurtlarynyň sanawynda birinji orunda durýar. Bu hasabat BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri bölümi tarapyndan her ýyl düzülýär. Onda dünýäniň 149 ýurduna baha berlip, ömrüň dowamlylygy, sosial goldaw we beýleki ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Islandiýa, Daniýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Şwesiýa, Germaniýa, Norwegiýa, Täze Zelandiýa we Awstriýa hem iň abadan ýurtlaryň arasynda bolup, ABŞ 14-nji, Angliýa 18-nji, Fransiýa 20-nji ýerde durýar.
Soltan Süleýmanyň portreti satyldy. Osman imperiýasynyň soltany Süleýmanyň portreti Beýik Britaniýanyň «Sotheby’s» auksionynda 350 müň funt sterlinge satyldy. XVI-XVII asyrlara degişli surat başlangyç bahasyndan 4 esse gymmat satyldy. Ölçegi 22,7×17,5 santimetr bolan kartinada Osman imperiýasynyň 43 ýaşly hökümdary Süleýman şekillendirilýär. Bu surat fransuz maşgalasynyň şahsy ýygyndysynda saklanyp galypdyr.
Müsür sähralygyndan tapyldy. Fransuz we norweg arheologlar topary Müsür sähralyklarynda biziň eýýamymyzyň V asyryna degişli gadymy kilisäni tapdylar. Bahariýa oazisinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 19 desganyň harabalygy tapyldy. Binalaryň käbiri bazaltdan, beýlekileri palçyk kerpiçden ýa-da gaýadan oýulyp gurlupdyr. Grek dilindäki diwar ýazgylary, gum gatlagynyň arasynda abat saklanypdyr. Arheologlar bu açyşlaryň alymlaryň irki hristiançylyk baradaky bilimlerine goşant goşup biljekdigine ynanýarlar.
Düýrlenen golýazmalar. Iki müň ýyl mundan ozalky düýrlenen golýazmalaryň parçalary, şeýle-de taryhy, takmynan, 10,5 müň ýyla uzaýan şaýylyklar, ösümlikden dokalan sebetler Ysraýyl arheologlary tarapyndan Öli deňiz sebitindäki gowaklaryň birinden tapyldy. Arheologlar ýüze çykarylan grek dilindäki golýazma parçalarynyň taryhçylary biparh goýmajakdygyny aýdýarlar. Ysraýylyň gadymyýet gullugy eýýäm köp ýyllardan bäri, Iudeý çölünde we Öli deňiz sebitindäki gowaklarda arheologiýa babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär.
Uzak ýaşlylaryň sany artýar. Marokko Patyşalygynda 100 we ondan ýokary ýaşly, takmynan, 3826 raýat bar. 2004-nji ýylda Marokkonyň umumy ilatynyň bary-ýogy 8 göterimini 60 we ondan ýokary ýaşly adamlar düzen bolsa, 2020-nji ýylda olaryň paýy 11,5 göterim boldy. Ýene-de 10 ýyldan, 2030-njy ýylda bu paý 15,4 göterime ýetip, 5,8 million adama ýetmeli. Marokkoda ömrüň dowamlylygy 76,1 ýyl.