Gün­ler­de bir gün til­ki gu­ýa ga­çyp­dyr. Gu­ýu­dan çyk­jak bo­lup nä­çe dyr­jaş­sa-da, til­ki­niň bu is­le­gi ba­şa bar­man­dyr. Şol wagt hem suw­san bir ge­çi gu­ýy­nyň ba­şy­na ge­lip, aşak se­re­dip­dir. Gör­se, gu­ýy­nyň için­de bir til­ki bar eken. Ge­çi:
– Ol ýer­de nä­me ed­ýäň, til­ki? – di­ýip so­rap­dyr.
Til­ki so­wuk­gan­ly­lyk bi­len:
– Nä­me ede­ýin, suw iç­ýän – di­ýip­dir.
Ge­çi gu­ýu­da su­wuň bar­dy­gy­ny eşi­dip,
örän be­ge­nip­dir we til­ki­den:
– Suw so­wuk­my? – di­ýip so­rap­dyr. Me­kir til­ki:
– El­bet­de, buz ýal­jak – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
On­da ge­çi:
– Me­nem iç­sem bo­lar­my? – di­ýip so­rap­dyr. Til­ki:
– Ha­wa-la, bök aşak – di­ýip­dir.
Ge­çi til­ki­niň bu sö­zü­ne yna­nyp, gu­ýa bö­küp­dir.
So­wuk suw­dan he­zil edip içen­den soň­ra ge­çi til­ki­den:
– Bu ýer­den nä­dip çyk­ma­ly? – di­ýip so­rap­dyr.
– Itiň aň­sa­dy, sen öň­ki aýak­la­ry­ňy gal­dy­ryp, şu ýe­re bas! Men se­niň ar­ka­ňa mü­nüp ýo­ka­ryk çy­ka­ýyn. Soň­ra se­niň çyk­ma­gy­ňa kö­mek ede­rin – di­ýip me­kir til­ki jo­gap ber­ýär.
Ge­çi til­ki­niň diý­şi ýa­ly edip­dir. Til­ki bol­sa ge­çi­niň ar­ka­sy­na mü­nüp, bir tow­san­da gu­ýu­dan çy­kyp, aýa­gal­dy­gy­na ga­çyp baş­lap­dyr. Til­ki­niň ga­çyp bar­ýa­ny­ny aňan ge­çi:
– Men sa­ňa gu­ýu­dan çyk­ma­ga kö­mek et­dim, sen me­ni taş­lap ni­rä bar­ýaň? – di­ýip gy­gy­ryp­dyr.
Til­ki yzy­na öw­rü­lip:
– Sen aky­ly­ňy ýi­ti­rip­siň, eger aky­lyň bol­sa­dy, gu­ýa gir­mez­den öň nä­dip çyk­ja­gyň ba­ra­da pi­kir eder­diň – di­ýip, ol ýer­den ök­jä­ni gö­te­rip­dir.
Bir işe baş goş­maz­dan ozal, onuň ne­ti­je­si ba­ra­da pi­kir et­me­gi unut­maň!