Nebiti eksport edýän ýurtlar guramasy we Russiýa (OPEC+) ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň energiýanyň sarp edijiler üçin has amatly bahadan hödürlenmegi üçin Saud Arabystanyny nebit önümçiligine artdyrmaga agyrmagy bilen maý aýyndan başlap, nebit önümçiligine girizilen çäklendirmeleri tapgyrlaýyn azaltmak babatda ylalaşdylar. 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli nebit önümlerine bolan islegiň azalmagy bilen bahasy pese gaçypdy. Şol sebäpli bahany durnukly saklamak üçin nebit eksport edýän ýurtlar nebit önümçiligini azaltmak kararyna gelipdi. Çäklendirmeler ilki 350 müň barrel, iýun aýynda 350 müň barrel, iýulda 400 müň barrel artdyrylar. Şeýlelikde iýul aýyna çenli 1,1 million barrel artdyrylar.