Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümler Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň wekillerineýerlenildi.

BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 665 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 75 million 82 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.