Kosowanyň Milli Parlamentinde geçirilen ses berlişikde Wosa Osmani iň köp ses alyp, ýurduň ilkinji zenan prezidenti boldy. Osmani mejlisde geçirilen ses berlişigiň üçünji tapgyrynda 82 wekiliň 71-iniň sesini aldy. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, Mejlisde geçirilen ses berlişikde prezident saýlanyp bilmedik ýagdaýynda halk saýlawy geçirilmelidi. Osmani saýlanandan soňra deputatlaryň öňünde eden çykyşynda Kosowa halkyna bolan söýgüsiniň zähmet çekmekde uly höwes döredýändigini belledi.
Osmani geçen ýylyň 5-nji noýabryndan bäri ýurduň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi.
Priştine uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlan Osmani aspiranturany ABŞ-nyň Pittsburg uniwersitetinde tamamlaýar. Priştine, Kosowa Roçester tehnologiýa institutynda we Pittsburg uniwersitetinde mugallym bolup işledi. Iki ekiz gyzy bolan Osmani alban, iňlis, türk, ispan we serb dillerini bilýär.