Gawaýi adalaryndaky Atmosfera obserwatoriýasy alnan maglumatlar Ýeriň atmosferasyndaky kömürturşy gazynyň konsentrasiýasynyň milliondan 421 bölejige ýetendigini görkezdi. Bu barada “Washington Post” gazetinde belleniplip geçilýär. Häzire çenli kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy millionda 420 bölekden ýokary geçmändir. Atmosferadaky kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy 1950-nji ýyllaryň ahyryndan bäri ABŞ-nyň Milli Umman we Atmosfera edarasy tarapyndan gözegçilik edilýär. Munuň üçin Gawaýidäki “Mauna Loa” wulkanynyň eňňidindäki atmosfera obserwatoriýasyndan peýdalanylýar. Soňky 800 müň ýyldan senagat döwrüne çenli aralykda Ýeriň atmosferasyndaky kömürturşy gazynyň derejesi millionda 280 bölejikden geçmedi.

Kömürturşy gazy atmosfera tebigy we emeli çeşmelerden aralaşýar. Oňa wulkan atylmagy, organiki galyndylaryň fermentasiýasy ýa-da çüýremegi degişlidir. Emeli çeşmeleriň arasynda, esasan, kömür, gaz ýa-da nebit ýaly energiýa serişdeleriniň ýakylmagy bilen amala aşyrylýar. Geçen asyryň başyndan bäri howa goýberilýän kömürturşy gazynyň mukdary artyp başlady. Netijede kömürturşy gazynyň tebigy aýlawy bozuldy we atmosferadaky konsentrasiýasy artyp başlady.