Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy gu­ra­ma­nyň baş sek­re­tar­ly­gy we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­nen Por­tu­ga­li­ýa­nyň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Gu­ter­ri­şiň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­dy. Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy ha­sap­lan­ýan BMG-niň tä­ze saý­la­nan Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş 2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Ol bu we­zi­pe­de 2021-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na çen­li iş­lär.

– Men Antoniu Guterrişiň 2017-nji ýylyň 1-nji ýan­waryndan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli BMG-niň Baş sekretary wezipesine saý­­la­nandygyny yglan etmek is­le­ýärin – diýip, BMG-niň Baş As­sam­ble­ýasynyň başlygy Piter Tomson habar berdi.
Golaýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Antoniu Guterrişiň dalaş­gärligini tassyklandygyny mälim edipdi. Guramanyň nobatdaky Baş sekretary Guterriş Baş As­sam­bleýada eden çykyşynda wezipe möhleti döwründe dünýäde parahatçylygyň saklanmagy, dur­nukly ykdysady ösüşiň dowam et­dirilmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.
Köp wagt­dan bä­ri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň no­bat­da­ky baş sek­re­ta­ry­nyň kim bol­jak­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar­la­ry yzy­gi­der­li çap ed­ýä­ris. Bu ugur­da soň­ky netijä gelindi. BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi An­to­nio Gu­ter­ri­şiň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­dy. Howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mas­la­ha­ty bo­ýun­ça Baş As­samb­le­ýa dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy­nyň 9-njy baş sek­re­ta­ry­ny we­zi­pä saý­lady.
BMG-niň hä­zir­ki Baş Sek­re­ta­ry Pan Gi Mu­nuň we­zi­pe möh­le­ti şu ýy­lyň 31-nji okt­ýab­ryn­da ta­mam­lan­ýar. Ol 2007-nji ýyl­dan bä­ri bu we­zi­pe­de iş­läp gel­ýär.
BMG-niň ter­tip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Baş sek­re­tar gu­ra­ma­nyň esa­sy ýol­baş­çy­sy­dyr. Ol Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň mas­la­ha­ty bo­ýun­ça Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.
An­to­niu Gu­ter­riş BMG-niň dü­zü­min­de iş­län tej­ri­be­li sy­ýa­sat­çy­la­ryň bi­ri­dir. Ol 2005-nji ýy­lyň iýun aýyn­dan 2015-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na çen­li BMG-niň bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­di. Nobatdaky Baş sekretar 1949-njy ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de Lis­sa­bon­da dün­ýä in­ýär. Ol in­že­ner­çi­lik hem-de fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça Ýo­ka­ry teh­ni­ka ins­ti­tu­tyn­da bi­lim al­ýar we ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de mu­gal­lym­çy­lyk ed­ýär. 1974-nji ýyl­da An­to­niu Gu­ter­riş So­sia­lis­tik par­ti­ýa­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýär. 1995-nji ýyl­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bol­ýar.
BMG-niň hä­zir­ki Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun gu­ra­ma­nyň 8-nji baş sek­re­ta­ry­dyr. Ol bu we­zi­pä­ni 2007-nji ýyl­da Ko­fi An­nan­dan ka­bul edip al­dy. Ko­fi An­nan­dan ozal, bu we­zi­pe­de iş­län baş sek­re­tar­lar: But­ros But­ros-Ga­li (1992-1996), Haw­ýer Pe­res de Ku­el­ýar (1982-1991), Kurt Wald­haým (1972-1981), U Tan (1961-1971), Dag Ham­mar­şeld (1953-1961) we Trýug­we Li (1942-1952). BMG-niň ta­ry­hyn­da baş sek­re­tar we­zi­pe­si­ne Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­dan 3, Af­ri­ka we Azi­ýa yk­lym­la­ryn­dan 2 hem-de La­tyn Ame­ri­ka yk­ly­myn­dan 1 we­kil saý­lan­dy.