«Mercedes-Benz» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji se­dan ula­gy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Do­ly elekt­rik­leş­di­ri­len ulag bir ge­zek­lik zar­ýad bi­len 770 ki­lo­metr ýol ge­çip bi­ler, bu bol­sa ada­ty ulag­la­ry ýan­gyç­dan bir ge­zek dol­du­ran­da ge­çil­ýän ara­ly­ga deň bol­ýar. Bu gör­ke­zi­ji häzir­ki wagt­da sa­tuw­da bo­lan elekt­rou­lag­la­ryň äh­li­sin­den ýo­ka­rydyr. Ula­gyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 210 ki­lo­met­re deň­dir. Ula­gyň ba­ta­re­ýa­la­ry 2 gör­nüş­de bo­lup, olar «EQS 450» hem-de «EQS 580» ady bi­len hö­dür­le­ner. «EQS 450»-niň kuw­wa­ty 330 at güý­jü­ne, «EQS 580 4MA­TIC» at­ly nus­ga­sy­nyň kuw­wa­ty 525 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, dört tig­ri bir wagt­da aý­la­nar. Ki­çi ba­ta­re­ýa­ly ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 640 ki­lo­metr ýol ge­çer. 15 mi­nut­lyk zar­ýad ula­gyň 300 ki­lo­metr ýol geç­me­gi üçin ýe­ter­lik bo­lar. EQS at­ly elekt­rou­lag iç­ki di­zaý­ny ba­bat­da hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ula­gyň içi çy­zyl­ma­ga gar­şy go­ra­lan üç sa­ny uly ek­ran we beý­le­ki mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr.

Bag­ty­ýar DER­ÝA­GU­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.