Ýük gat­na­wyn­da de­ňiz, ho­wa we de­mir ýol­la­ry bi­len bir ha­tar­da ga­ra ýol­la­ryn­dan hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ýük ulag­la­ry bol­sa, sü­rü­ji­le­riň işi­ni ep-es­li ýe­ňil­leş­dir­ýär. «Volvo» we «Au­ro­ra» kom­pa­ni­ýa­la­ry sü­rü­ji­siz ýük ulag­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Uly ýük ulag­la­ry­ny ön­dür­ýän Şwe­si­ýa­nyň «Volvo» kom­pa­ni­ýa­sy köp ýyl­dan bä­ri mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ýer­leş­ýän «Au­ro­ra In­novation» bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. In­di bol­sa iki kom­pa­ni­ýa aw­to­nom teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de hem bi­le­lik­de iş­le­şer­. Sü­rü­ji­siz ulag teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da baý tej­ri­be­si bo­lan «Au­ro­ra» ge­çen ýyl özü­niň sü­rü­ji­siz ýük ula­gy­ny çy­ka­ryp­dy. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, sü­rü­ji­siz ýük ulag­la­ry­nyň gel­je­gi uly. Ge­çen ýyl­lar­da di­ňe mag­dan kän­le­rin­de ulan­mak mak­sa­dy bi­len sü­rü­ji­siz ulag­lar sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di. Bu ugur­da şwed kom­pa­ni­ýa­sy hem köp wagt­dan bä­ri iş alyp bar­ýar. Ge­çen ýyl dür­li sen­sor­lar we ka­me­ra­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan «Volvo XC90» ula­gy ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky San-Fran­sis­ko şä­he­ri­niň kö­çe­le­rin­de sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di.

Hy­dyr Mer­da­now,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.