8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

 

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow dikuçaryň esasy tehniki häsiýetnamalary barada hasabat berip, onuň şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini belledi. Bu dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerinde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

 

ANSAT” dikuçarynyň tehniki aýratynlyklary

 

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň kämil önümi bolan bu enjam dikuçaryň hereket ediş ýagdaýlaryna laýyklykda, ýagny tehnikanyň titremesine, asmana göterilişine we beýleki häsiýetlerine görä taýýarlanandyr. Bu enjam şu kysymly dikuçarlarda birnäçe ýyllardan bäri netijeli ulanylyp gelinýär. Hususan-da, “ANSAT” dikuçarynyň lukmançylyk kysymy sanly defibrillýator bilen üpjün edilendir. Ol ýürek urşunyň ýygylygyny awtomatik usulda seljerýär we zerur bolanda onuň täzeden işlemegini awtomatik usulda amala aşyrýar.

Şeýle hem emeli dem alyş enjamy oturdylandyr. Eger näsaga birden zerurlyk ýüze çykyp, kislorod bilen üpjün etmeli bolsa, bu enjam ulanylýar. Esasy bellemeli aýratynlyk, onuň ýaňy doglan çagadan başlap, has uly ýaşly adamlara çenli ulanmaga niýetlenen köpugurly enjam bolup durýanlygydyr. Raýatyň ýaş görkezijisini girizseň, şonuň esasynda, bu enjamyň özi awtomatik usulda zerur kislorody berýär.

Şeýle hem ýörite sorujy esbaplar enjamlaşdyrylandyr. Ol oturdylanda, başga hiç hili işi ýerine ýetirmän, ony göni şu enjama çatyp bolýar. Munuň özi lukmanlaryň işini köp derejede ýeňilleşdirýän we näsaglara degişli kömegi tiz bermäge ýardam berýän iň kämil üpjünçilikdir.

Mundan başga-da, dikuçarda zerurlyk ýüze çykanda, näsagy kislorod bilen üpjün etmek üçin wideolaringoskop we intubasion turbajyklar hem bar. Bu gurallaryň kömegi bilen intubasion turbany ýalňyşman we näsaga zeper ýetirmän, onuň dem alyş ýollaryna girizip bolýar. Bu bolsa örän amatly ýagdaýy döredýär. Näsagy dikuçardan düşürip, hassahana äkitmeli bolanda hem ony näsagyň ýany bilen alyp gidip bolýar.

Dikuçarda seýikleriň hem dürli görnüşleri bar. Olar oňurgalara ýa-da bedene şikes ýeten ýagdaýynda näsagyň bedeniniň gozganmazlygy üçin ulanylýan lukmançylyk enjamlarydyr.

Uçuş-tehniki häsiýetleri boýunça «ANSAT» dikuçary barmasy kyn bolan ýerlerde gyssagly işleri ýerine ýetirip bilýär. Dikuçar zerur erginleri sowatmak we gyzdyrmak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir. Reanimasiýa we gaýragoýulmasyz tiz kömegi bermek üçin derman hem-de sarp ediş serişdelerine niýetlenen ýörite gutujyklar bar.

Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň ýokary uçuş uzaklygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa dikuçara dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şunuň ýaly dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.

Ýokary tizlikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ähli zerur amatlyklar döredilen bu dikuçar şäherde gysga wagtyň içinde ýakyn aralyga bir näsagy alyp barmak üçin niýetlenendir.

Dikuçaryň lukmançylyk bölüminde dürli görnüşli zemmerler, ykjam elektrokardiograf we monitorly defibrilýator enjamy, ergin guýmak üçin infuziomatlar, emeli dem beriş enjamy, awtomatik sorujy enjamlar bar.

Şeýle hem dikuçar derman serişdelerini sowadyjy we ýyladyjy bokslar, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen dürli gutular, glýukometr, pulsoksimetr, termometr, köpugurly seýikler, dürli görnüşdäki gurallar, ýanyk şikesli näsaglar üçin niýetlenen dürli görnüşli enjamlar we beýleki sarp ediji serişdeler bilen üpjün edilendir.