8-nji aprelde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýanyň üstünlikli geçirilendigi barada hoş habary aýtdy. Böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, operasiýanyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we munuň milli lukmanlarymyzyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan uly üstünligidigini nygtady.

Milli kanunçylyga laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny transplantasiýa etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen, häzir ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredildi. Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular hem-de böwrekleri transplantasiýa etmegiň tärlerini öwrenip, amaly endikleri ele aldylar. Ýurdumyzyň hirurgiýa ugurly merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara okuw-ylmy merkezinde böwrekleri transplantasiýa etmegiň tejribe-synag operasiýalaryny yzygiderli geçirdiler.