Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Toplumyň 2018-nji ýylyň martynda başlanan gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Bu möhüm desganyň buýrujysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi, potratçysy bolsa «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy boldy. Bu kompaniýanyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belent ymaratlaryň örän köp sanlysy bolup, şolar paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüldi.
Gurluşyk üçin 6,39 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi. Beýikligi 31,36 metre we uzynlygy 112 metre deň bolan binanyň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we gök bossanlyklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar gurnaldy, dikuçar meýdançasy göz öňünde tutuldy.
Baýramçylyk görnüşde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada joşgunlylyk we şatlyk duýgulary höküm sürdi. Bu ýere gelen milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalary we Mejlisiň deputatlary mähirli garşyladylar. Bagşylar toparynyň çykyşy dabara döredijilik öwüşginini çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz bagşylaryň ýanyna gelip, ýurdumyzyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara sowgatlary gowşurdy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär.
Döwlet Baştutanymyz ilki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, soňra bolsa ikiçäk duşuşyklary geçirmäge niýetlenen zallara baryp, giň we ýagty otaglaryň içki bezeglerini gözden geçirdi. Bu otaglaryň diwarlarynda asylyp goýlan ajaýyp bedewleriň we edermen alabaýlaryň, gözel Diýarymyzyň tebigy görnüşleri şekillendirilen suratlar milli öwüşgin berýär.
Milli Liderimiz otaglaryň bezegine we döredilen amatlyklara mynasyp baha berip, bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary hem-de halkara derejeli gepleşikleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmäge niýetlenen zala bardy.
Däbe görä, döwlet Baştutanymyz ulanmaga tabşyrylýan islendik desganyň aýratynlyklary bilen tanşyp, onuň inženerçilik-tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berýär hem-de olaryň gurluşygynda ýokary hilli serişdeleri we täzeçil tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýetini nygtaýar. Munuň özi binalaryň ygtybarlylygyny hem-de adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün edýär.
Milli Liderimiz binany gözden geçirip, bu ýerde halkara derejeli maslahatlary, hususan-da, Parlamentara assambleýasynyň mejlislerini geçirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň
birinji mejlisi geçirildi
Hormatly Prezidentimiz binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiniň deputatlaryna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy.
Şol Konstitusion Kanunyň taslamasy halkymyz tarapyndan biragyzdan makullandy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda kabul edildi. Öňe sürlen başlangyçlaryň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr.
Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakyndaky» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly Parlament döredilýär. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Bu bolsa häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine, her bir adamyň we ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder diýip, milli Liderimiz belledi.
Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi nygtaldy. Şonuň esasynda şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine serediljekdigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň gün tertibi tassyklanandan soň, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Saýlaw möwsüminde hödürlemek ýygnaklarynyň 56-sy geçirilip, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň 112-si hödürlenildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary olaryň ählisi üçin deň şertler döretmek bilen geçirildi.
Saýlawlar tutuş jemgyýetçiligiň üns merkezinde bolup, saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyk geçirilişine milli synçylaryň 440-sy – syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, raýat toparlarynyň wekilleri syn etdiler, olar saýlawlaryň açyklygyny we aýdyňlygyny bellediler.
Saýlawlarda ses berlişine Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty arkaly onlaýn tertibinde göni syn etmek mümkinçiligi hem döredildi.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen göni däl saýlawlara saýlawçylar işjeň gatnaşdylar. Saýlawlara saýlawçylaryň 98,7 göterimi gatnaşdylar. 48 mandat üçin 112 dalaşgär bäsleşdi. Munuň özi 1 orun üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 48 agza saýlanyldy, şeýle hem Aşgabat şäherinden 8 agza, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinden 8 agza saýlanyldy. Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27 göteriminiň zenanlar bolmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň, döwletimiziň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça uly işleri geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň hemmesi ýokary bilimli.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek barada kabul eden çözgüdini beýan etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna K.Babaýewi, G.Agaýewi, B.Orazmämmedowy, D.Gulmanowany, M.Taganowy, S.Gaýypowy, M.Halnazarowy, Ç.Babanyýazowy bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.
Şeýlelikde, geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Mandat toparynyň teklibi boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky karary kabul etmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalaryna Mandat toparynyň teklip edilýän düzümini tassyklamak üçin Halk Maslahatynyň agzalarynyň wagtlaýyn şahsyýetnamalaryny galdyrmak arkaly ses bermegi teklip edildi.
Mandat toparyny saýlamak barada karar kabul edilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz arakesme wagtynda Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Olar milli Liderimiziň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň ähmiýetini düşündirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de parlamentiň işine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça beren maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri barada habar berdiler.
Soňra Mandat toparynyň başlygy M.Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi.
Geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň ses bermeginiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda Mandat toparynyň hasabatyny tassyklamak barada karar kabul edildi. Toparyň agzalaryna wagtlaýyn şahsyýetnamalary hemişelik şahsyýetnamalara çalyşmagy guramak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün tertibine girizilen esasy soraglardygyny belledi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edilýär. Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedow gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.
Şu mesele boýunça ses bermegi geçirmek üçin Ses sanaýjy topary saýlamak teklip edilýär.
Halk Maslahatynyň agzalary teklip edilen düzüm bilen tanşyp, ony ses bermek arkaly tassyklamak bilen, Ses sanaýjy topary hakyndaky karary kabul etdiler.
Toparyň saýlanylan başlygy H.Hajyýew Halk Maslahatynyň agzalaryna ses bermegiň tertibini düşündirýär.
Soňra arakesme yglan edilýär. Onuň barşynda mejlisler zalynyň eýwanynda Halk Maslahatynyň Başlygyny saýlamak üçin gizlin ses berilýär.
Ses sanamak işi tamamlanandan soň, mejlis Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň başlygy H.Hajyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol ses bermegiň netijelerini yglan etdi. Hasabat Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanyldy, olar Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň teswirnamasyny tassyklamak üçin ses berdiler.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny, şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.
Soňra Halk Maslahatynyň agzasy K.Babaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda mesele sese goýuldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hakynda karar kabul edilýär.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň saýlanylan orunbasary döwlet Baştutanymyza, Halk Maslahatynyň agzalaryna özüne bildiren ynamlary üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz K.Babaýewi Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, bu wezipede alyp barjak işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komiteti döretmek teklip edildi. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara meseleler baradaky komitet bolup durýar.
Göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetlerini döretmek hakynda Halk Maslahatynyň karary biragyzdan tassyklanyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy wezipesine Halk Maslahatynyň agzasy M.Taganow, onuň orunbasary wezipesine D.Gulmanowa saýlanyldy.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine G.Agaýew, onuň orunbasary wezipesine M.Halnazarow saýlanyldy.
Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy wezipesine B.Seýidowa saýlanyldy.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Ç.Babanyýazow, komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine B.Orazmämmedow biragyzdan saýlanyldy.
Halkara meseleleri baradaky komitetiň başlygy wezipesine M.Bäşimowa biragyzdan saýlanyldy.
Bu meseleler boýunça Halk Maslahatynyň degişli Kararlary kabul edildi.
Şeýlelikde, ýokary derejede guralan hem-de gadymy demokratik ýörelgelere kybap gelýän ses bermek kadasy geçirilen saýlawlaryň bildirilýän talaplara kybap gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
iki palatasynyň bilelikdäki
mejlisi geçirildi
Maslahat Köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi Halk maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisiniň tamamlanandygygyny aýtdy. Mejlisde birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň täze palatasynyň öz işine başlamagy bilen ýygnananlary gutlady.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi prezidiuma çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz taryhy waka – Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada aýdyp, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de degişli komitetleri döretmek barada kararlaryň kabul edilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine K.Babaýewi saýladylar.
Halk Maslahatynyň amala aşyrmaly işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komitet, ýagny Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet (başlygy–M.Taganow); Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet (başlygy–G.Agaýew); Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet (başlygy–B.Seýidowa); Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet (başlygy–Ç.Babanyýazow); Halkara meseleler baradaky komitet (başlygy–M.Bäşimowa) döredildi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanandygyny buýsanç bilen habar berdi.
Mejlisiň Başlygy mähriban halkymyza we ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň ajaýyp nusgasy bolan milli Liderimize Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmakda aýratyn hukuk berilmeginiň kanunalaýykdygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Türkmenistanyň giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidiklerini, şeýle hem döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugynyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidiklerini nygtady.
Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş we adalatly kazyýet işiniň halkara kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy Halk Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr.
Şeýle hem, olar raýatlyk, jemgyýetçilik we dini guramalar hakyndaky, raýat, jenaýat we administratiw kanunçylyk boýunça täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalydyr. Raýatlara hukuk kömegini bermelidir we olaryň hukuklaryny goramalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlemelidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde işlere hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, iki palatanyň, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleri üçin bir-biriniň sazlaşykly işlemegine gönükdirilen işini guramakda ähli mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny gutlap, olara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün taryhy gün – biz şu gün ýurdumyzda täze edarany – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmeginiň Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde uly baýramçylyklar garaşýar. Nesip bolsa, şu ýyl biz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny hem-de Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp belläp geçeris.
Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän şu ajaýyp baýramlar bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.