20-nji aprelde Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasy özboluşly sungat älemine öwrüldi. Bu ýerde türkmen kinosynyň we edebiýatynyň ägirdi, ussat aktýor, kinorežissýor we ýazyjy Baba Annanowyň 1980-nji ýyllarda ýazan «Ak at» pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan täze spektaklyň ilkinji gezek gözden geçirilişi boldy. Bellenilişi ýaly, ýazyjy Baba Annanow bütin ömrüniň dowamynda dostlugyň simwoly bolan bedew atlara aýratyn söýgi beslän ynsandyr. Ýazyjynyň ynsan ykbalynyň çylşyrymly ýollaryna uzaýan bu eserinde ene mähri çeperçilik bilen beýan edilýär.
Režissýor Mekan Jumabaýewiň döredijilikli çemeleşişi bilen täzeden işlenen bu sahna eseri diňe bir gözden geçiriliş däl, eýsem, adamyň içki dünýäsini lerzana getirýän, kalbyň iň inçe tarlaryna kakýan hakyky sungat wakasyna öwrüldi. Mekan Jumabaýewiň täzeçe garaýşynda eseriň ruhy doly saklanyp, “Ak atly” dagdan agajynyň töwereginde jemlenýän syrly ykbal çözgütleri tomaşaçyny biparh goýmady. Gözden geçiriliş dabarasynda ýurdumyzyň sungat işgärleri, ýazyjylar, žurnalistler, talyp ýaşlar we teatr muşdaklary täze spektaklyň begençli hem-de agyryly pursatlaryna bilelikde şaýat boldular. Spektaklyň ilkinji gözden geçirilişne bu sahna eseri emin agzalarynyň biragyzdan goldamagyna mynasyp bolup, olar tarapyndan ýokary çeperçilik derejesinde bahalandyryldy we tüýs ýürekden makullandy.
Eseriň baş keşplerini janlandyran teatryň ussat aktrisalary Maýagül Annaýewa (Jemal) we Gülälek Akmyradowa (Nazyra) özlerine ynanylan keşpleri diňe bir ýerine ýetirmän, sahnada hakyky ynsan ykbalyny ýaşadylar. Maýagül Annaýewa perzendini ýitiren enäniň ýürek sarsgynyny we on sekiz ýyllyk hasratyny her bir bakyşynda, her bir sözünde tomaşaçynyň kalbyna ýetirmegi başaran bolsa, Gülälek Akmyradowa mähir berip perzendini ulaldan enäniň içki dünýäsini hem-de wepalylyk nusgasyny täsin bir ussatlyk bilen açyp görkezdi. Bu iki ussat aktrisanyň sahnadaky sazlaşykly oýny spektaklyň şowly çykmagynyň esasyny düzdi diýsek, ýerine düşer.
1948-nji ýylyň aýylganç Aşgabat ýertitremesinde perzendini ýitiren türkmen enesi Jemal bilen şol bäbegi ölümiň penjesinden alyp, 18 ýyllap oňa öz janyndan jan beren özbek enesi Nazyranyň arasyndaky dartgynly wakalar tomaşaçylary kä gynandyrdy, kä aglatdy, käte bolsa uly sabyrlylygyň we mähriň güýjüne haýran galdyrdy. Nazyranyň: “Näme üçin biriniň bagtly bolmagy üçin başga biri betbagtçylyga uçramalyka?” diýen pelsepewi sowaly tomaşaçyny çuňňur oýa batyrdy. Alyşiriň keşbinde çykyş eden Begenç Garlyýewiň sahnada özüni alyp barşy we gahrymanyň içki dünýäsini açyp görkezişi bolsa, oýnuň iň şowly taraplarynyň biri boldy.

Spektaklyň şowly çykmagynda “perde arkasyndaky” ussatlaryň hem uly paýy bar. Kompozitor Röwşen Nepesowyň wakalaryň ruhuna laýyk sazlary, Magtymguly Saparowyň saz bezegi hem-de Perhat Goşaýewiň jüpüne düşen yşyk tilsimleri eseriň täsirliligini has-da güýçlendirdi. Dizaýner Güljemal Saparowa tarapyndan gurnalan sahna bezegleri bolsa tomaşaçyny bir pursatda 1948-nji ýylyň şol gorkuly gijesine, başga bir pursatda bolsa Daşkendiň asuda howlusyna alyp gitmegi başardy. Režissýoryň kömekçisi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikowyň zähmeti bilen spektaklyň bitewüligi birkemsiz üpjün edilipdir.
Mahlasy, ýazyjy Baba Annanowyň bu pýesasy režissýor Mekan Jumabaýewiň tagallasy netijesinde täze öwüşginler bilen baýlaşdy. Režissýor eseriň ideýasyny we ruhuny doly gorap saklamak bilen bir wagtda, gahrymanlaryň içki dartgynlygyndan başlap, adaty hereketlerine çenli ynandyryjy janlandyrmagyň hötdesinden geldi. «Ak at» – bu diňe bir drama däl, eýsem, dürli žanrlaryň birleşmesinden emele gelen, adamyň sabyrlylygyny we ene mukaddesligini dabaralandyrýan täsin dünýädir.
Netijede, ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň döredijilik topary teatr durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýan täze eseri peşgeş berdi. Sahna oýnunyň soňunda tomaşaçylaryň ýüzündäki tolgunmalary we kalplaryndaky duýgulary Baba Annanowyň döredijilik mirasynyň bakydygyny we bu eseriň her bir ynsan üçin uly durmuş sapagydygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu gözden geçiriliş režissýordyr artistleriň ukyp-başarnygyny täze belentliklere çykaryp, teatr sungatynyň gerimini has-da giňeltdi diýip, şübhesiz aýdyp bolar.

Ýegenmämmet Taýlyýew, “Zaman-Türkmenistan”.