Lukmanlar barlag geçirip, Gün şöhlesiniň adam saglygyna täsirini öwrendiler. Netijede, güneşli ýerde wiruslaryň ýokuşmagynyň üç esse azdygy ýüze çykaryldy. Bu täsiriň koronawirusa hem degişlidigi mälim edildi. Bu bolsa ýaz we tomus paslynyň gelmegi bilen ýokanjyň görnetin azaljakdygyna bolan ynamy artdyrdy. Beýik Britaniýanyň Edinburg uniwersitetiniň bilermenleri dürli ýerlerde howadaky ultramelewşe şöhleleriniň mukdaryny ölçediler. Barlagyň netijeleri barada «British Journal of Dermatology» žurnalynda neşir edilen makalada Günden gelýän ultramelewşe şöhleleriň wirusyň ýaýramagynyň öňüni alýandygy bellenilýär.
Eziz Gazakow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.