Kä­bir adam hiç hi­li zy­ýa­nyň ýet­me­jek­di­gi­ni bil­ýän hem bol­sa gork­ýar. My­sal üçin, öý­de çy­ra öçe­nin­de ga­raň­ky­dan ýa-da ki­çi­jik jan­dar­dan gork­mak. Siz­de-de zy­ýan­syz­dy­gy­na aň­ry­ýa­ny bi­len göz ýe­tir­ýän bol­sa­ňyz hem gor­ky ýü­ze çyk­ýar­my? Eý­sem bu gor­ky nä­hi­li peý­da bol­ýar­ka? Gor­ky bel­li bir se­bäp­den ýü­ze çyk­ýan kä­bir ýag­daý­dan ýa-da is­len­dik ji­sim­den dö­räp bil­ýär. Zy­ýan­syz zat­lar­dan gork­ýan adam­lar gor­ku­sy­nyň esas­syz­dy­gy­na, köp­lenç, dü­şün­ýär, ýö­ne onuň öňü­ni alyp bil­me­ýär. Gor­ky­nyň bu gör­nü­şi gün­de­lik gat­na­şyk­la­ra tä­sir edip bil­ýär. Çak edi­li­şi­ne gö­rä, adam­la­ryň 5 gö­te­ri­min­de haý­sy­dyr bir gor­ky bar. Gor­ky nä­me? Gorkyny döredýän se­bäp­le­r nä­me we ony nä­dip ýe­ňip geç­me­li?
Se­bäp­le­ri: ge­ne­ti­ki we daş­ky gur­şaw tä­sir­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Geç­miş­dä­ki gy­nanç­ly pur­sat­lar, dür­li baş­dan ge­çir­me­ler, aşa be­ýik ýe­re çyk­mak we haý­wan­la­ryň to­pul­ma­gy ýa­ly se­bäp­ler gor­ky­nyň çeş­me­si bo­lup bi­ler.
Açyk gi­ňiş­lik gor­ku­sy
Ylym­da ago­ra­fo­bi­ýa diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu gor­ka du­çar bo­lan adam­lar köp­çü­li­giň için­de bol­mak­dan ýa-da öýüň da­şyn­dan uza­ga gitmäge gork­ýar­lar. Mu­ňa baş­ga­ça köp­çü­lik gor­ku­sy hem di­ýil­ýär. Şeýle adamlara adat­ça, köp­çü­lik­den ga­ça dur­ýar­lar we öý­le­rin­de bo­la­ny­ny go­wy gör­ýär­ler.
So­si­al gor­ky
Şeýle gor­ku­sy bo­lan adam­lar jem­gy­ýet­çi­lik ýe­ri bo­lan res­to­ran­da na­har sar­gyt eden­le­rin­de how­sa­la dü­şüp bil­ýär­ler. Şo­nuň üçin olar köp­lenç adam­lar­dan daş­rak­da dur­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Adam­la­ryň kö­pü­si kä­bir ýag­daý­la­ry ýa-da zat­la­ry ha­la­ma­ýar­lar. Gor­ky­nyň gün­de­lik dur­mu­şa tä­sir ed­ýän giň­den ýaý­ran bir­nä­çe gör­nü­şi bar:
Glos­so­fo­bi­ýa: köp­çü­li­giň öňün­de gep­le­mek gor­ku­sy. Bu so­si­al gor­ka ga­ty meň­ze­ýär. Glos­so­fo­bi­ýa gor­ku­sy bo­lan adam­lar köp­çü­li­giň öňün­de çy­kyş ed­ýän pur­sa­tyn­da özü­ni oňaý­syz ýag­daý­da duý­ýar­lar.
Ak­ro­fo­bi­ýa: be­ýik­lik­den gork­mak­dyr. Gor­ky­nyň bu gör­nü­şi bar bo­lan adam­lar dag­lar­dan, köp­rü­ler­den ýa-da be­ýik bi­na­la­ryň ýo­kar­ky gat­la­ry­na çyk­mak­dan gork­ýar­lar.
Klaust­ro­fo­bi­ýa: ýa­pyk ýa-da dar ýer­ler­den gork­ýan adam­lar aw­tou­lag­dan, hat­da lift­­den hem gork­ýar­lar.
Awio­fo­bi­ýa: adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, olar uça­ra mün­mek­den gork­ýarlar.
Ko­ul­ro­fo­bi­ýa: bu jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de ýa-da te­le­wi­zor­da mas­ga­ra­baz sö­zü­ni eşi­den ýa-da gö­ren adam­la­ryň gor­ku­sy­na ber­len at­dyr.
Ofi­dio­fo­bi­ýa: ýy­lan­­dan gorkýanlara di­ýil­ýär.
Nik­to­fo­bi­ýa: bu gi­je­den we ga­raň­ky­lyk­dan gork­ýan adam­lar­a degişli. Adat­ça, ça­ga­lyk döw­rün­de en­dik hök­mün­de baş­la­nyp, ýet­gin­jek­lik döw­rü­ne çen­li do­wam et­se, on­dan soň­ra nik­to­fo­bi­ýa gor­ku­sy bar ha­sap­la­nyl­ýar.
Al­jy­raň­ňy­lyk, ýü­rek ur­şu­nyň tiz­len­me­gi, demiň gys­magy, çalt gep­le­mek ýa-da di­liň tu­tul­magy, ýü­re­giň bu­lan­ma­gy, gan ba­sy­şyň ýo­kar­lan­ma­gy, döş agy­ry­la­ry, baş aý­lan­ma­gy, der­le­mek ýa­ly ala­mat­la­r ýo­kar­da gör­ke­zi­len gor­ku­la­ry bar bo­lan adam­lar­da ýü­ze çyk­ýar.
Nä­dip ýeň­me­li?
Il­ki bi­len gor­ky­nyň nä­hi­li eme­le ge­len­di­gi ba­ra­da pi­kir­le­niň! Gor­ky­nyň dö­re­me­gi üçin hök­man on­dan ejir çe­ken bol­ma­ly däl. Eşi­den bir wa­ka­ňyz hem siz­de gor­ky dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Soň­ra mu­ny ka­bul et­me­li.
On­dan soň­ra gork­ma­gyň tol­gun­mak, söý­mek, be­gen­mek ýa­ly ada­ty zat­dy­gy­ny ka­bul ediň! Siz­den baş­ga adam­lar­da hem şeý­le gor­ky­nyň bar­dy­gy­ny unut­maň!
Gor­ky­ny ýe­ňe­ni­ňiz­den soň­ra size nä­hi­li peý­da­la­ry­nyň bol­jak­dy­gy ba­ra­da pi­kir ediň! Aý­da­ly, uça­ra mün­mek­den gork­ýa­ňyz. Uça­ra mü­ne­ni­ňiz­de uzak şä­he­re, hat­da ýur­da gys­ga wagt­da ba­ryp bil­jek­di­gi­ňiz, ol ýer­de ge­ze­lenç et­jek­di­gi­ňiz ba­ra­da pi­kir­le­niň! Gor­ky­ny ýe­ňe­ni­ňiz­de dur­muş­dan hem lez­zet alar­sy­ňyz.
Üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň syr­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýän ki­tap­lar­da «Ar­zuw edip bil­ýän bol­saň, ba­şa­ryp bi­ler­siň!» di­ýen söz bar. Bu, köp­lenç, dog­ry çyk­ýar. Se­bä­bi is­len­dik me­se­le­de üs­tün­lik ga­zan­mak üçin ony aňy­myz­da «jan­lan­dyr­ma­ly». Şol se­bäp­li il­ki gor­ky­ny ýe­ňip bil­jek­di­gi­mi­ze özü­mi­zi ynan­dyr­ma­ly. Mu­ny ba­şar­mak kyn bolup bi­ler. Em­ma bi­raz sa­byr edip, özü­mi­ze möh­let ber­me­li.