Islendik şäheriň uly seýilgählerini aýlanýan hiňňildikler bezeýär. Has ýokardan uzak aralyga seretmek adamyň ruhuny göterýär, şäheri başgaça synlamaga mümkinçilik berýär. Rahatlandyryjy duýgyny döredýändigi sebäpli hiňňildikler adamlary özüne çekýär. Bu hiňňildikleri uludan kiçä her kim halaýar. Şu makalamyzda dünýäniň iň täsin hiňňildikleri baradaky maglumatlary size ýetirmegi müwessa bildik.
«Älem» medeni-dynç alyş merkezi
2012-nji ýylda gurlan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň täsin binasy paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik gözelliginiň üstüni ýetirdi. Synlaýyş hiňňildiginiň umumy meýdany 26 müň inedördül metre golaý bolan, beýikligi 95 metre ýetýän bina özüniň kaşaňlygy, gözelligi bilen bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk desgalaryň biri hasaplanýar. Desga şol ýylda iň uly ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da binanyň 1-nji ýerzemin gatynda bouling zaly, älem giňişligine gaýybana syn etmäge mümkinçilik berýän Kosmos muzeýi, 80 orunlyk kafe-bar ýerleşýär. Hiňňildige münenler Köpetdagyň etegindäki gözelliklere hem-de şäheriň gözelliklerine syn edip bilýärler.
«Aýn Dubaý»
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda işe girizilen dünýädäki iň uly syn ediş hiňňildigi «Aýn Dubaý»-yň (Dubaýyň gözi) beýikligi 210 metre barabar. 1400 adama niýetlenilen hiňňildikde 48 sany kapsula görnüşli kabina ýerleşdirilen. Gurluşygynda 9 müň tonna polat ulanylan hiňňildik şäheriň 360 dereje üznüksiz görnüşini tomaşa etmäge çagyrýar.
«Týanjin Gözi»
Hytaýyň port şäheri bolan Týanjiniň ady berlen bu hiňňildik Haý derýasynyň üstündäki Ýongle köprüsinde guruldy. Ondaky 48 sany kabina adamlara täsinlikleri we gözelligi jemleýän Týanjini rahat synlap bilmegi üçin haýal aýlanýar.
«Melburn ýyldyzy»
Ilki «Günorta ýyldyzy» diýlip atlandyrylan bu desga Awstraliýanyň Wiktoriýa şäherinde ýerleşýär. «Melburn ýyldyzy» dünýädäki iň uly polat gurluşly desga hasaplanýar. 2008-nji ýylda açylan hiňňildik 15 milliondan gowrak dürli ýagtylyk kombinasiýasyny görkezip bilýän ajaýyp reňkler bilen toplumlaýyn LED yşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
«Suzhou Ferris Wheel»
«Suzhou Ferris Wheel» Hytaýyň iň uly köli bolan Jinji kölüniň gündogar kenarynda ýerleşýär. Bu hiňňildik örän çalt aýlanýar. Näçe uly hem bolsa, onuň doly aýlawyny tamamlamagy üçin bary-ýogy 20 minut ýeterlik. Örän meşhur hiňňildikleriň biri hasaplanýan bu desganyň ýykylyp, has ulusynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.
«Londonyň gözi»
«Müňýyllyk tigir» we «Coca-Cola London Eye» ady bilen hem tanalýan bu desga Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň simwoly hasaplanýar. Äpet desga 2000-nji ýylda Londonyň esaslandyrylmagynyň müň ýyllygy mynasybetli şäheri ikä bölýän Temza derýasynyň kenarynda guruldy. Ýylda, takmynan, 3,75 million syýahatçyny özüne kabul edýän bu hiňňildik ýurtda iň meşhur tölegli syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Desgany gurmak üçin 70 million funt sterling sarp edildi.