Antarktika – An­tark­ti­da ma­te­ri­gi­ni, oňa ýa­naş­ýan ada­la­ry we ony gur­şa­ýan um­man gi­ňiş­ligi­ni öz içi­ne al­ýar. Ant­rak­ti­ka­nyň umu­my meý­da­ny 52,5 mln km2. «An­tark­ti­ka» grek sö­zi bo­lup «an­ti» – gar­şy we «ark­ti­kos» – de­mir­ga­zyk, ýag­ny de­mir­ga­zy­gyň gar­şy­syn­da­ky ýer diý­mek­dir. An­tark­ti­ka­nyň mer­ke­zin­de An­tark­ti­da ma­te­ri­gi ýer­le­şip, beý­le­ki ma­te­rik­le­re gö­rä uzak­da, gü­nor­ta pol­ýus­da ýer­leş­ýän ma­te­rik­dir. Onuň meý­da­ny 14 mln km2.
1819-1821-nji ýyl­lar­da Fad­deý Fad­de­ýe­wiç Bel­lins­gau­ze­niň we Mi­ha­il Pet­ro­wiç La­za­re­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky rus sy­ýa­hat­çy­la­ry «Mir­nyý» (Pa­ra­hat) we «Wos­tok» (Gün­do­gar) gä­mi­le­rin­de ozal bel­li bol­ma­dyk ma­te­ri­giň daş-tö­we­re­gi­ne aý­la­nyp çyk­dy­lar. Ma­te­ri­giň tö­we­re­gin­dä­ki 29 sa­ny ada­ny aç­dy­lar. 1820-nji ýy­lyň 28-nji ýan­wa­ry An­tark­ti­da­nyň açy­lan se­ne­si diý­lip yk­rar edil­di. Soň­ra bol­sa An­tark­ti­da­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Gü­nor­ta pol­ýu­sa sy­ýa­hat edil­di. Il­kin­ji ge­zek nor­weg sy­ýa­hat­çy­sy Ru­al Amund­se­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par 1911-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da gü­nor­ta pol­ýu­sa bar­dy. Ikin­ji ge­zek iň­lis sy­ýa­hat­çy­sy Ro­bert Skot­tuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par 1912-nji ýy­lyň 16-njy ýan­wa­ryn­da gü­nor­ta pol­ýu­sa bar­dy. Hä­zir­ki wagt­da Gü­nor­ta pol­ýus­da Amund­sen-Skott yl­my-bar­lag stan­si­ýa­sy (ABŞ) bar. Bu ýer­de 18 döw­le­tiň stan­si­ýa­sy yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar. An­tark­ti­da­da he­mi­şe­lik yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýan 34 sa­ny be­ket bar.
Hiç bir döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk An­tark­ti­da­da otu­rym­ly ilat ýok. Şeý­le-de bol­sa bu ýer­de he­mi­şe bar­lag ge­çir­ýän hü­när­men­ler ýa­şa­ýar­lar. Hat­da ola­ryň kä­bi­ri­niň ça­ga­la­ry hem bar. An­tark­ti­da bü­tin­leý di­ýen ýa­ly buz gat­la­gy bi­len ör­tü­len­dir. Bu­zuň or­ta­ça ga­lyň­ly­gy 2 müň met­re go­laý bo­lup, has ga­lyň ýer­le­ri 4 müň metr­den geç­ýär. Eger-de An­tark­ti­da­nyň bu­zu­ny bü­tin Ýe­riň ýü­zü­ne bir­meň­zeş ga­lyň­lyk­da ýa­zyp bol­sa­dy, on­da bi­ziň pla­ne­ta­myz 40 metr ga­lyň­lyk­da buz bi­len ör­tü­ler­di.
An­tark­ti­da­da­ky «Wos­tok» stan­si­ýa­syn­da ho­wa­nyň 91,2 de­re­je­de so­wuk­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy.
Ma­te­ri­giň iň so­wuk aýy bo­lan aw­gust­da ho­wa or­ta­ça 70 de­re­je so­wuk bol­ýar. Bu ýer­de ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy ada­ty si­map­ly ter­mo­metr­ler bi­len bar­lan­ma­ýar, çün­ki si­map so­wuk­da doň­ýar. Me­tal aşa so­wuk­da port bol­ýan­dy­gy üçin dö­wül­ýär.
Ma­te­ri­giň iň gu­rak ýe­ri Gu­rak An­tark­ti­da jül­ge­si bo­lup, ol ýe­re 2 mil­li­on ýyl­dan bä­ri ygal ýag­man­dyr.
An­tark­ti­da­da ýel güýç­li öwüs­ýär. Ýe­liň tiz­li­gi or­ta­ça 60 metr/se­kunt bo­lup, iň güýç­li ýe­liň tiz­li­gi­niň sa­gat­da 240 kilometr ýe­ten­li­gi ha­sa­ba alyn­dy. An­tark­ti­da­da adat­ça ping­win­ler ýa­şa­ýan hem bol­sa, ýy­lyň bel­li pas­lyn­da gö­çeg­çi guş­lar hem ga­bat gel­ýär. Şeý­le hem onuň ke­nar­la­ryn­da­ky um­man­la­ryň baý ekoul­ga­my bar.
Dün­ýä­dä­ki süý­ji su­wuň 70 gö­te­ri­mi, buz­la­ryň 90 gö­te­ri­mi An­tark­ti­da­da sak­lan­ýar.
Ýer ýü­zün­de iň uly bu­zas­ty köl An­tark­ti­da­da­ky Wos­tok kö­li bo­lup, ol 1944-nji ýyl­da açyl­dy.
Dün­ýä­de iň aras­sa de­ňiz Ue­del­la An­tark­ti­danyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär.
Ýer şa­ryn­da de­ňiz de­re­je­sin­den iň be­lent­de ýer­leş­ýän ma­te­rik An­tark­ti­da­dyr. Onuň de­ňiz de­re­je­sin­den or­ta­ça be­lent­li­gi 2024 metr. Ma­te­ri­giň iň be­ýik de­pe­si El­su­er­ta da­gy 5140 metr.
Ma­te­ri­giň iň pes ýe­ri Berda te­kiz­li­gin­de, de­ňiz de­re­je­sin­den 2555 metr aşak­da ýer­leş­ýän Bent­li çö­ket­li­gi­dir.

Şowkat ISMAILOW,
Daşoguz şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.