Go­laý­da mu­gal­lym­la­ryň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nip ge­çil­di. Bu baý­ram­çy­lyk Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da 1994-nji ýyl­dan bä­ri her ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da bel­le­nil­ýär. BMG-niň ÝU­NES­KO eda­ra­synyň bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li ýaý­ra­dan gut­la­gyn­da mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­ne uly gy­zyk­lan­ma­nyň bar­dy­gy­ mä­lim edil­di. Şeýle hem bu ba­bat­da tä­ze hü­när­men­le­riň ýe­tiş­di­ril­me­gi ug­run­da ta­gal­la edil­me­li­di­gi aý­dy­lýar. 2030-njy ýyl­da tu­tuş dün­ýä­de 69 mil­li­on sa­ny tä­ze mu­gal­ly­myň ge­rek bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
ÝU­NES­KO-nyň we­ki­li Sil­wi­ýa Mon­to­ýa bu ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da BMG-niň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de bi­lim pu­da­gy­ny ös­dür­mek hem-de ylym-bi­li­miň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ha­nym Sil­wi­ýa Mon­to­ýa bu ugur­da­ky mak­sat­la­ra ýet­mek üçin öňü­miz­dä­ki 14 ýy­lyň do­wa­myn­da 24,4 mil­li­on mu­gal­ly­my baş­lan­gyç mek­dep­le­re, 44,4 mil­li­on mu­gal­ly­my or­ta mek­dep­le­re çek­me­giň ze­rur­dy­gy­ny ha­bar ber­di.