Şu gün 16-njy aprelde Aşgabatdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtlardaky agzalary onlaýn tertipde çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady..

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredileninden bäri geçen 11 ýylyň içinde köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 36 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 194-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olar atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi.

 

Kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.