Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman ýaşyl zolak görnüşinde guruljak şäheriň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Şäheriň aýratynlygy onda hiç hili geçelge, awtoýoly göz-öňünde tutulmandyr. Şäherdäki ähli gatnawlar diňe otluda we pyýada amala aşyrylar. Demirýoluň ýakasyndaky şäheriň uzynlygy 170 kilometr bolar. Onuň ýaşaýjylarynyň sany 1 milliondan geçmez. Şäherde esasy ulag gysga wagtda gelip gidýän ýokary tizlikli otlulary çykyş eder. “Insiz” şäheriň bir tarapyndan beýleki tarapyna 20 minutda pyýada geçip bolar. Infrastruktura tutuşlygyna merkezi çyzyga bagly, şäheriň kommunikasiýasynda bolsa ekologik taýdan arassa energiýa ulanylar. Ekologik taýdan arassa şäheriň taslamasyny düzýän inženerleriň öňünde çözülmeli mesele az däl. Mysal üçin, tiz kömek üçin şeýle-de maýyplar üçin ýollar göz öňünde tutular.
Mekan Ataýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.