Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin şu ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bol­dy. Ol bu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä ener­ge­ti­ka fo­ru­my­na gat­naş­dy hem-de türk kär­de­şi Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bi­len du­şuş­dy. Iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň de­re­je­sin­dä­ki gep­le­şik­le­riň ahy­ryn­da “Türk aky­my” gaz ge­çi­ri­ji­si bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra yla­la­şy­gy­na gol çe­kil­di.
Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny Wla­di­mir Pu­tin bu ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Rus li­de­ri iki ta­ra­pyň ara­syn­da gol çe­ki­len yla­la­şy­gyň ne­ti­je­sin­de, iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gi­ri­şil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Rus­si­ýa­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Alek­sandr No­wak bu gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­ry ýer­dä­ki bö­le­gi­ni türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, de­ňiz­dä­ki bö­le­gi­niň bol­sa rus kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, tur­ba ge­çi­ri­ji­si­niň ikin­ji şa­ha­sy üçin bol­sa bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na dö­re­di­ler.
Rus­si­ýa­nyň “Gazp­rom” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Alek­seý Mil­ler şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ga­ra deň­ziň aşa­gyn­dan tur­ba ge­çi­ri­ji­si­niň iki şa­ha­sy­nyň gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Her bir şa­ha­nyň ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty te­bi­gy ga­zyň 15 mil­liard 750 mil­li­on ku­bo­met­ri­ne deň bo­lar. Ola­ryň bi­ri bi­len türk ba­za­ry­na, beý­le­ki­si bi­len bol­sa ma­wy ýan­gy­jy Tür­ki­ýä­niň üs­ti bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na elt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. De­ňiz­dä­ki tur­ba ge­çi­ri­ji­le­riň gur­lu­şy­gy­ny 2019-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Bi­le­lik­dä­ki gaz­na dö­re­dil­ýär
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da umu­my ba­ha­sy 1 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan bi­le­lik­dä­ki gaz­na dö­re­dil­ýär. Bu ugur­da her ta­rap 500 mil­li­on dol­lar se­riş­de gö­nük­di­rer. Gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da­ky yla­la­şyk Rus­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy ösüş mi­nist­ri Alek­seý Ul­ýu­ka­ýew bi­len Tür­ki­ýä­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ni­hat Zeý­bek­çi­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­dy.
– Rus-türk gaz­na­sy şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dö­re­di­ler. Bu ugur­da­ky il­kin­ji ge­le­şik in­di­ki ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de bag­la­şy­lar – diý­lip, met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­di.

Bank şa­ham­ça­sy­ny sat­dy
Tür­ki­ýä­niň “Ga­ran­ti” ban­ky Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa şä­he­rin­dä­ki şa­ham­ça­sy bo­lan “Ga­ran­ti Bank-Mosk­wa”-ny sat­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Bu ba­bat­da Rus­si­ýa­nyň “Sow­kom­bank” ma­li­ýe eda­ra­sy bi­len de­giş­li yla­la­şy­ga gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ge­le­şi­giň ba­ha­sy 40,45 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar. Bu ba­ra­da türk ban­ky ha­bar ber­ýär.
Tür­ki­ýä­niň ma­li­ýe eda­ra­sy gym­mat­ly ka­gyz­la­ry­nyň 99,94 gö­te­ri­mi­ni sat­ýar. Onuň ga­lan 0,04 gö­te­ri­mi bol­sa “Ga­ran­ti Techno­lo­gy” eda­ra­sy­na de­giş­li­dir.
“Sow­kom­bank” uni­wer­sal ban­ky Rus­si­ýa­nyň ba­za­ryn­da iş­jeň iş alyp bar­ýan ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň bi­ri­dir. Tür­ki­ýä­niň ban­ky 1946-njy ýyl­da dö­re­di­lip­dir we ol türk ba­za­ryn­da möç­be­ri bo­ýun­ça ikin­ji orun­da dur­ýar.