19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda  Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, oňa hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Sergide dürli žanrdaky işleriň ýüzlerçesi ýerleşdirilip, olarda bedewler, alabaýlar dürli görnüşde şekillendirilipdir. Olaryň şekilleri tebigatyň ajaýyp gözelliginiň, at çapyşyklarynyň tolgundyryjy pursatlarynyň, oba durmuşynyň, milli däp-dessurlaryň berjaý edilişiniň, baýramçylyk dabaralarynyň üsti bilen suratlandyrylypdyr. Däp bolşy ýaly, her ýyl döredijilik bäsleşigine medeniýet toplumynyň köp sanly wekilleri gatnaşýar. Ýelden ýüwrük bedewler, ynsanyň wepaly dosty bolan alabaýlar serginiň esasy gahrymanlarydyr. Tejribäniň görkezişi ýaly, ganatly bedewleriň, gujurly, syzgyr, wepaly alabaýlaryň keşplerini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça geçirilýän bäsleşik sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň işjeň­ligini we mümkinçiligini açyp görkezmäge ýardam berýär. Ajaýyp halylar, täsin şaý-sepler, keramika önümleri sergä özboluşly toý öwüşgini çaýýar. Sergide görkezilýän eserler atlaryň, alabaýlaryň keşbini açyp görkezmek bilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan çuň­ňur söýgüsini hem-de hormat-sarpasyny beýan etmek, ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen ýakyndan tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.

Behişdi bedewleriň, şeýle-de alabaýlaryň gözelligini wasp etmek boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýe­ňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň barşynda yglan ediler.