Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift täze rekord goýdy. Owadan aýdymçy dünýä belli rok aýdym-saz topary “The Beatles”-iň rekordyny täzeledi. Ol iň gysga wagtda 3 albom bilen sanawda birinji orny eýelän aýdymçy bolmagy başardy. Swift geçen ýylda çykaran “Folklore” we “Evermore” albomlary hem-de 2008-nji ýylda çykaran “Fearless” albomynyň täze görnüşi bilen 259 günüň dowamynda aýdym-saz sanawlarynda birinji orna çykdy. Bu ugurda ozalky rekord “The Beatles” toparyna degişlidi. Topar “Help!”, “Rubber Soul” hem-de “Revolver” albomlary bilen 364 günüň dowamynda 3 gezek sanawyň birinji ornuna çykypdy. Ýeri gelende aýtsak, Swift ýylyň albomy diýen ugurda 3-nji gezek Gremmi baýragyny gazanyp, bu ugurda-da rekord goýupdy.