Bäş ugurdan berilýän “Dünýäde ýylyň awtoulagy” (World Car Awards) baýraklary gowşuryldy. Ulaglary 24 ýurtdan 90-dan gowrak awtoulag žurnalisti saýlaýar. Dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan dabara 17-nji gezek geçirilýär. Baş baýraga “Volkswagen ID.4” mynasyp boldy. Baýraga dalaş etmek üçin azyndan 10 müň ulagyň satylan bolmagy we azyndan iki materikde müşderilere ýetirilen bolmagy talap edilýär. Nemes brendiniň kompakt SUV klasyna degişli ulagy elektrik energiýasyna geçişi başlatmakda we gündelik durmuşda hödürleýän ýeňillikleri sebäpli emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlanýan ulag täzeçil tehnologiýalary bilen hem ünsi özüne çekýär. “Volkswagen” 2009-njy we 2013-nji ýyllarda “Golf”, 2010-njy ýylda “Polo” we 2011-nji ýylda “UP!” modelleri bilen bu baýraga mynasyp bolupdy. “Şäheriçi” ugry boýunça retro dizaýny bilen ünsi özüne çekýän “Honda E” ýeňiji boldy. “Dünýäde ýylyň iň gowy lýuks awtoulagy” baýragyna “Mercedes-Benz S-Seriýasy”, “Iň gowy kuwwatly ulag” hökmünde “Porsche 911”, iň gowy dizaýn ugry boýunça “Land Rover Defender” saýlandy.