Her ýyl ylyň 22-nji aprelinde Ýer güni bellenilip geçilýär. Ýer güni häzirki zaman daşky gurşaw hereketiniň başlangyjy bilen baglanyşykly bolup, dünýädäki iň uly daşky gurşaw çäreleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şu ýyl Ýer gününiň geçirilmegine 51 ýyl dolýar.
Ýer gününi esaslandyryjy ABŞ-nyň Senatynyň agzasy Gaýlord Nelson 1969-njy ýylda Kaliforniýanyň Santa-Barbara şäherinde uly nebit dökülmeginiň weýrançylykly täsirlerine şaýat bolandan soň, daşky gurşawa ünsi çekmek üçin milli güni döretmek pikirini öňe sürýär. Senator amerikan habar beriş serişdelerinde “daşky gurşawy goramak” ideýasyny yglan edýär we garwardly 25 ýaşly Denis Heýzi milli utgaşdyrjy wezipesine belleýär. Heýz bolsa öz gezeginde, ABŞ-da ekologik çäreleri amala aşyrmaga üçin 85 adamy çekýär.
1970-nji ýylyň 22-nji aprelinde amerikalylaryň müňlerçesi daşky gurşawyň zaýalanmagyna garşy teklip bilen çykyş etdiler. 1970-nji ýylyň ahyrynda ilkinji Ýer güni ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentliginiň döredilmegine we arassa howa, arassa suw we ýitip barýan görnüşler baradaky kanunlaryň kabul edilmegine sebäp boldy. 1990-njy ýyla çenli Ýer güni ählumumy goldawa eýe boldy. Ýer güni, dünýädäki galyndylary gaýtadan işlemek boýunça tagallalara ägirt uly itergi berdi we 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen BMG-niň Ýer sammitine esas döretdi.
Häzirki wagtda Ýer güni dünýädäki iň uly çäreleriň biridir. Ol dürli ýurtlarda bir milliarddan gowrak adam tarapyndan bellenilip geçilýär. Her ýyl bu gün belli bir mowzuga bagyşlanýar. Bu ýyl “Ýerimizi dikeldýäris” atly şygar bilen geçirildi.
Şemşat GOŞNYÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.