Şwesiýanyň «Einride» kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. Kompaniýa ilkinji bolup sürüjisiz ýük ulagynyň nusgalyk görnüşini işläp düzdi. Kompaniýa logistika pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen elektrik energiýasy arkaly işleýän tehnologiýany ösdürýär. 2016-njy ýylda esaslandyrylan kompaniýanyň «Pod» atly ýük ulagy eýýäm dürli synaglardan geçirildi. Aslynda, «Einride» awtoulag senagatynda däl-de, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýar. Şol sebäpli kompaniýa önümlerini diňe nusgalyk görnüşde taýýarlaýar. Şwed kompaniýasy ulaglaryň dizaýny, tehnologiýa babatda enjamlaşdyrylyşy, programma üpjünçiligi ýaly ýokary tehnologiýa talap edýän ugurlaryny taýýarlaýar. 40-dan gowrak hünärmeni bolan kompaniýanyň maksady ýük ulaglarynyň howa ýetirýän zyýanyny azaldýan tehnologiýalary işläp taýýarlamakdan ybarat.
Häzirki wagtda «Tesla» kompaniýasy «Semi» atly elektrik energiýasy bilen işleýän sürüjisiz ulagyny işläp taýýarlaýar. Şeýle hem «Lyft», «Uber» we «Waymo» ýaly kompaniýalar hem bu ugurda iş alyp barýarlar.
Esenmyrat ŞAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.