«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşlere we toý baýramlara beslenýär. Bu ýyl gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenip geçiler. Bu ýyllaryň içinde Aşgabat şäheri öz başyndan ençeme ýatdan çykmajak şatlykly hem taryhy wakalary geçirdi. Häzirki wagtda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleriniň içinde iri ylalaşdyryjy we medeni merkez hökmünde tanalýar. Gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamak üçin ähli pudaklar bilen bilelikde ýurdumyzyň banklary tarapyndan hem uly işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň karz edaralarynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli bankda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen «Altyn asyr», «Goýum bank karty» bank kartlaryny saklaýjy müşderilere amatly şertler döredilip, töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň möçberi 2 göterim derejesinde ýokarlandyryldy.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda ýokary we orta hünär boýunça bilim alýan ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatynda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly täze karz önümi ýola goýuldy. Bu degişli bilimi alýan talyplara diňe okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär, şeýle hem, bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, raýatlarymyzy maliýe taýdan goldamak maksady bilen, «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilere «Owerdraft» bank karzy hödürlendi. Bu şertnama esasynda ýyllyk 10 göterimli, bankyň müşderileriniň «Owerdraft» bank kart hasabynyň üsti bilen berilýän gysga möhletli karz bolup, karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberiniň 50 göteriminden ýokary bolmadyk möçberinde berilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň raýatlaryna (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlary üçin nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlar berilýär. Karzyň möçberi 30 000 manada çenli bolup, ýyllyk 10 göterimli, (alty aý ýeňillikli döwri bilen) 3 ýyla çenli berilýär. Karzyň üpjünçiligi – tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy bilen berilýär.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin şeýle mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Altyn Durdyýewa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.