Hindistan bilen ABŞ ýakyn wagtda iki ýurduň arasyndaky strategik energiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde wodorod boýunça iş toparyny döreder. Bu barada ABŞ-nyň energetika ministriniň orunbasary Dewid M. Turk habar berdi.
– Biz ABŞ-Hindistan strategik energiýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde wodorod boýunça amerikan-hindi toparyny döretmek maksady bilen hindistanly hyzmatdaşlarymyz bilen işleýäris – diýip, «Wodorod ykdysadyýeti: Nýu-Deli dialogy-2021» atly tegelek stolunda Dewid M. Turk aýtdy. Ol wodorodyň 2035-nji ýyla çenli doly uglerodsyz tor baradaky maksada ýetmek üçin giň gerimli we uzak möhletli energiýa saklamak maksady bilen aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belläp geçdi.
– Energiýa saklaýyş serişdesi hökmünde wodorodyň önümçiligine, senagat taýdan ulanylyşyna, şeýle hem ony üpjün etmek üçin zerur boljak maliýe gurluşlaryna üns bereris – diýip, Turk belledi.
Duşuşyga gatnaşan BAE-niň senagat we ösen tehnologiýa ministri Soltan Ahmed Al Jaber wodorod bazaryny ösdürmek we Nýu-Deliniň has arassa energiýa isleglerini goldamak üçin Hindistanyň döwlet we hususy pudaklary bilen işleşmäge BAE-niň taýýardygyny aýtdy.
– Hindistan bilen BAE-niň köp pudaklarda çuňňur kök uran ikitaraplaýyn gatnaşyklara esaslanýan aýratyn gatnaşygy bar. Hindistan häzirki wagtda, esasan hem, energiýa pudagynda iň iri we möhüm söwda hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Hindistanyň energiýa bolan islegi artdygyça, biz ähli önümimizi hindi bazaryna elýeterli etmek bilen bu islegi kanagatlandyrmaga taýyn. Şol bir wagtyň özünde, Hindistanyň bu meselede zyňyndysyz has köp energiýa talap edýändigini bilýäris. Global energiýa geçişine hemmämiziň bilelikde ünsümizi gönükdirýändigimize görä, wodorodyň hakykatdan hem, arassa ýangyç hökmünde geljegi uly we potensial mümkinçilikleri hödürleýändigine ynanýarys – diýip, Soltan Ahmed Al Jaber belledi.
Tegelek stolda Awstraliýanyň energetika ministri Angus Teýlor Hindistanyň wodorod ykdysadyýetini gurmak baradaky gyzyklanmalaryny goldaýandygyny mälim edip:
– Biz dünýäde iň gowy wodorod hyzmatdaşy – arassa wodorod tehnologiýasy boýunça öňdebaryjy bolmak isleýäris. Awstraliýanyň maksady, arassa wodorodyň bir kilogramynyň bahasyny 2 dollardan peseltmekdir – diýip, belledi.
Daniýanyň Howa ministri Den Ýorgensen hem öz gezeginde Nýu-Deli bilen Kopengageniň iki ýurduň durnukly çözgütleri öňe sürmek üçin bilelikde işlemäge mümkinçilik berjek uzak möhletli ýaşyl strategik hyzmatdaşlyga girişendigini mälim etdi.