Ol wagt­lar men Aş­ga­ba­dyň öň­ki Ga­ra Se­ýit­li­ýe­w adyn­da­ky me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­nyň köp­çü­lik çä­re­le­ri­niň re­žiss­ýo­ry bö­lü­mi­nde gaý­yba­na oka­ýar­dym. Men bir saý-se­bäp bi­len türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­ne bar­ma­ly bol­dum. Me­ni türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň baş re­žiss­ýo­ry bo­lup iş­le­ýän, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Oraz Çer­ke­zow gü­ler ýüz bi­len gar­şy al­dy. Oraz aga hal-ah­wal­ so­ra­şan­dan soň me­niň oku­wym ba­ra­da so­ra­dy. Men sun­ga­ta hö­wes ed­ýän­di­gi­mi, re­žiss­ýor­çy­lyk kä­ri­ni ha­la­ýan­dy­gy­my ha­ly­pa gür­rüň ber­dim. Şon­da ol oku­wy­myň gap­da­lyn­dan te­le­wi­de­ni­ýe­de re­žiss­ýo­ryň kö­mek­çi­si bo­lup iş­le­me­gi­mi tek­lip et­di. Men ha­ly­pa­nyň tek­li­bi­ne ra­zy­dy­gy­my aýt­dym. Şeý­di­bem men 1984-nji ýy­lyň maý aýyn­da te­le­wi­de­ni­ýe­de iş­läp baş­la­dym. Okuw bi­len işi ut­gaş­dy­ryp alyp git­dim. Oraz aga­ny halk köp­çü­li­gi türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­sin­de su­ra­ta dü­şü­ri­len «Mag­tym­gu­ly» at­ly fil­mi bi­len hem ta­na­ýan bol­sa­lar ge­rek. Oraz aga bu film­de akt­ýor hök­mün­de Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi­ni hem jan­lan­dy­ryp­dy.
Bu film ma­wy ek­ran ar­ka­ly en­çe­me ge­zek halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­lip, to­ma­şa­çy­lar ta­ra­pyn­dan oňat gar­şy al­nyp­dy. Şeý­di­bem ha­ly­pam Oraz aga­nyň gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ma­ňa-da sun­gat äle­mi­ne ara­la­şmak, te­le­wi­de­ni­ýe­de re­žiss­ýor bo­lup iş­le­mek, dö­ret­mek bag­ty mi­ýes­ser edip­di. Köp­le­riň ha­ly­pa­sy akt­ýor hem re­žiss­ýor Oraz Çer­ke­zow te­le­wi­de­ni­ýe­­de iş­län döw­rün­de en­çe­me şä­girt­le­ri ýe­tiş­di­rip­di. Re­žiss­ýor­çy­lyk eden film­le­ri­niň kö­pü­sin­de akt­ýor hök­mün­de-de çy­kyş edip­di.
Oraz Çer­ke­zow 1935-nji ýy­lyň 6-njy ýan­wa­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da dün­ýä in­ýär. Mek­de­biň ýe­din­ji syn­py­ny ta­mam­lan Oraz luk­man bol­ma­gy ar­zuw ed­ýär. Bu ar­zuw ony Aş­ga­bat­da­ky luk­man­la­ry taý­ýar­la­ýan uçi­li­şşä alyp gel­ýär. Ol oku­wa res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, oku­wa baş­la­ýar. Ol oku­wa ymyk­ly öw­re­ni­şip, ýa­ňy ýo­la dü­şüp baş­landa, ar­zu­w eden dur­mu­şy­ bilen ara­sy üzül­ýär. Deň-duş­la­ry, mäh­ri­ban mu­gal­lym­la­ry ýer­tit­re­me­si ze­rar­ly ke­se­giň as­tyn­da gal­ýar. Ora­zyň ýü­re­gi gy­syp baş­la­ýar. Ol öýe syg­ma­ýar. Oraz ot­la mü­nüp öý­le­ri­ne ug­ra­ýar. Ora­zyň oku­wy­ny taş­lap gaý­da­ny­ny ka­ka­sy bir­nä­çe gün­den soň eşi­dip­dir. Ol og­lu­nyň baş­lan oku­wy­ny taş­lap gaýt­ma­gy­ny oň­la­man­dyr. Ka­ka­sy oňa gün­di­zi­ne oba ki­tap­ha­na­syn­da iş­läp, gi­je­si­ne bol­sa ag­şam­ky okuw­da oka­ma­gy tek­lip ed­ýär. Şeý­dip Oraz ag­şam­ky mek­dep­de oku­wy­ny do­wam et­dir­ýär. 1953-nji ýyl­da ag­şam­ky mek­de­bi ta­mam­lan Oraz ýe­ne-de paý­tag­ta gaýd­ýar. Gel­şi­ne-de şol wagt­ky luk­man­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, oku­wa baş­la­ýar we der­rew ök­de ta­lyp­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Oku­wa bo­lan hö­we­si bi­len ol bir ýy­lyň nä­hi­li ge­çe­ni­ni hem duý­ma­ýar. To­mus dynç alyş­da oba­sy­na ge­len Oraz öň­ki dos­ty Ata Alo­wo­wa du­ş­ýar. Ata Ora­za Daş­ken­diň A.N.Ost­ro­ws­kiý adyn­da­ky teatr-çe­per­çi­lik ins­ti­tu­ty­nyň akt­ýor­çy­lyk bö­lü­mi­ne ta­lyp­ly­ga hö­we­sek og­lan-gyz­la­ry saý­lap al­ma­ga Aş­ga­bat­dan us­sat Al­ty Gar­ly­ýe­wiň ge­len­di­gi­ni, şol oku­wa git­mek­çi­di­gi­ni aýd­ýar. Şon­dan soň Ora­zam dos­tu­nyň oka­jak oku­wy­na hö­wes ed­ýär. Em­ma mu­ňa Ora­zyň ka­ka­sy çürt-ke­sik gar­şy çyk­ýar. Ol og­lu­nyň luk­man­çy­lyk oku­wy­ny taş­la­ja­gy­na gy­nan­ýar. Ahy­ryn­da Al­ty Gar­ly­ýe­wiň ýar­dam ber­me­gi bi­len Oraz sah­na us­sat­la­ry­ny taý­ýar­la­ýan ylym oja­gy­nyň ga­py­sy­ny aç­ýar. Ol bu ýer­de sah­na­da he­re­ket et­me­giň, keşp dö­ret­me­giň in­çe syr­la­ry­ny öw­ren­ýär. Ora­zyň beý­le­ki ta­lyp ýol­daş­la­ryn­dan bir­ji­gem pes otur­ma­ýan­dy­gy, kä­bir ýag­daý­lar­da bol­sa on­da üýt­ge­şik te­bi­gy ze­hi­niň şi­ne­le­ri­niň ýü­ze çy­kyp ug­ran­dy­gy eý­ýäm oku­wyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan bil­di­rip baş­la­ýar. Şeks­pi­riň «Otel­lo» pýesasy­nyň türk­men di­lin­de sah­na­da go­ýul­ma­gy, Otel­lo­nyň keş­bi­ni dö­ret­me­giň ýaş Ora­za yna­nyl­ma­gy, ýe­ne-de bir uly ze­hi­niň türk­me­niň teatr sun­ga­ty­na go­şul­jak­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. 1960-njy ýyl­da ins­ti­tu­ty ta­pa­wut­la­nan dip­lom bi­len ta­mam­lan ýaş akt­ýor ýur­du­my­zyň öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň ga­py­syn­dan ät­le­ýär. Oňa teatr sun­ga­ty­nyň ägirt­le­ri Aman Gul­mäm­me­dow, Ba­zar Ama­now, Ata Dur­dy­ýew ýa­ly us­sat­lar bi­len bir sah­na­da egin-eg­ne be­rip iş­le­mek, keşp jan­lan­dyr­mak bag­ty mi­ýes­ser ed­ýär.
— Bir ge­zek sah­na­da «Keý­mir kör» spek­tak­ly go­ýul­dy. Şon­da Ne­dir şa­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy ma­ňa ynan­dy­lar. Bu örän jo­gap­kär­li keşp­di. Şo­nuň üçi­nem keş­biň şow­ly çyk­ma­gy üçin men köp zäh­met çek­me­li bol­dum. Ga­zap­ly, ýüz-gö­zün­den «gar» ýa­gyp du­ran şa, öz og­lu­nyň göz­le­ri­ni oý­ma­gy jel­lat­la­ra tab­şyr­ýar. Ma­ňa bu keş­bi has ga­zap­ly, «gy­ly­jyn­dan gan da­myp du­ran» edip jan­lan­dyr­mak ba­şart­dy. Em­ma Ne­dir şa­nyň ah urup, puş­man ed­ýän ýe­ri­ne ge­zek ge­len­de men bi­raz al­jy­ra­dym. Bir sah­na­da iki hi­li bol­mak ma­ňa ýe­ňil düş­me­di. Şon­da spek­tak­lyň re­žiss­ýo­ry ma­ňa ozal şu keş­bi dö­re­den us­sat ha­ly­pa Ba­zar Ama­no­wa ýüz tut­ma­gy mas­la­hat ber­di. Ba­zar aga ma­ňa şol keşp­de nä­hi­li he­re­ket et­me­li­di­gi­ni öw­ret­di. Eger şol wagt Ba­zar aga bol­ma­dyk bol­sa men şol keş­biň go­la­ýy­na-da ba­ryp bil­mez­dim – di­ýip, Oraz aga şol bo­lup ge­çen wa­ka­ny soň-soň­la­ram bi­ze gür­rüň be­rer­di.
Oraz aga bü­tin dur­ky bi­len sun­ga­ta ber­len, hak­dan içen us­sat­dy. Sah­na­da­ky we ek­ran­da­ky şow­ly ädim­le­ri onuň ady­gyp git­me­gi­ne, il için­de ta­nal­ma­gy­na iter­gi bo­lup­dy. Mu­ňa my­sal hök­mün­de Ham­za Ha­kim­za­de Ny­ýa­ziniň «Baý we Bat­rak» te­le­wi­zi­on spek­tak­lyn­da dö­re­den keş­bi bo­lan Ga­fu­ry hem gör­kez­mek bo­lar. Oraz Çer­ke­zo­wyň jan­lan­dy­ran Ga­fu­ry ba­ýyň yg­ty­ýa­ryn­da­ky hu­kuk­syz, erk­siz bir ýi­git. Ol öz söý­gü­li­si Je­mi­lä­niň ug­run­da aras­sa­lyk, sa­da­lyk bi­len gö­reş­ýär. Ruh­dan düş­me­ýär. Gah­ry­ma­nyň bu keş­bi­ni Oraz aga us­sat­lyk bi­len hal­ka ýe­tir­me­gi ba­şar­dy. Ga­fu­ryň keş­bi he­niz-he­niz­ler hem halk köp­çü­li­gi­niň ha­ky­da­syn­da ýa­şa­ýar. Bu bol­sa akt­ýo­ryň nä­de­re­je­de us­sat­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Oraz aga öz jan­lan­dyr­ýan gah­ry­man­la­ry­nyň keş­bi­ni is­le te­at­ryň sah­na­syn­da bol­sun, is­le-de ki­no­film­de, ola­ryň öz­bo­luş­ly hä­si­ýe­ti­ni ynan­dy­ry­jy edip açyp gör­kez­ýär­di. Oraz Çer­ke­zow di­ňe bir sah­na­da çy­kyş et­män, eý­sem, ki­no sun­ga­tyn­da-da en­çe­me keşp­le­ri jan­lan­dy­ryp, köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ol «Aý­gyt­ly ädim», «Al­ty­nyň öwüş­gi­ni», «Bars», «Der­ýa­nyň aň­yr­sy ser­het», «Has­rat­ly söý­gi­niň he­ka­ýa­ty», «Ge­pard» «Ça­ga­lyk ýyl­la­ry­my­zyň ka­sa­my» şo­nuň ýa­ly-da te­le­wi­de­ni­ýe­de öz su­ra­ta dü­şü­ren fil­mi bo­lan «Mag­tym­gu­ly», re­žiss­ýor Öw­lü­ýä­gu­ly Ku­ly­ýe­wiň «Keç­pe­lek» ýa­ly en­çe­me film­de dür­li hä­si­ýet­dä­ki keşp­le­ri­ dö­red­ýär.
Oraz Çer­ke­zow re­žiss­ýor hök­mün­de dür­li ýyl­lar­da ek­ra­na çy­kan «Aza­şan ýi­git», «Po­lat nä­hi­li tap­lan­dy», «Hüýr­luk­ga-Hem­ra», «Ýu­sup-Ah­met» ýa­ly eser­le­re re­žiss­ýor­lyk edip­di. Oraz aga­nyň ini­si Çer­kez aga­nyň hem te­le­wi­de­ni­ýe­de hro­ni­kal-do­ku­men­tal film­le­riň re­žiss­ýo­ry bo­lup iş­län­di­gi­ne-de şa­ýat bo­lup­dym.
Oraz Çer­ke­zo­wyň ýan­ýol­da­şy, hä­zir­ki wagt­da «Al­tyn Asyr: Türk­me­nis­tan» te­le­ýaý­ly­myn­da re­žiss­ýor bo­lup iş­läp ýö­ren, in­di ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt bä­ri bir eg­ne zäh­met çe­kip gelýän Dur­sun Gurbangulyýewa Oraz aga­ny ýat­lap şeý­le diý­ýär:
— Oraz öz ýa­şan öm­rün­de mil­li teatr we ki­no sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­dy. Ol öý­de-de, iş­de-de halk köp­çü­li­gi­ni tä­ze spek­takl­lar­dyr ki­no­film­ler bi­len be­gen­dir­me­giň ar­zu­wy bi­len ýa­şa­ýar­dy. Onuň ýe­tiş­di­ren şä­girt­le­ri­niň ara­syn­da ýur­du­myz­da giň­den ta­nal­ýan bel­li ar­tist­le­r Ýe­li­za­we­ta Ga­ra­ýe­wa, Ene­jan Oraz­my­ra­do­wa, Re­jep Ho­ja­gu­ly­ýew, Gün­dog­dy Hak­gy­ýew da­gy hem bar. Oraz maş­ga­la dur­mu­şyn­da-da bagt­ly adam­dy. Iş­den boş wagt­la­ry öz ça­ga­la­ry bi­len dür­li oýun­la­ra güý­men­me­gi ha­la­ýar­dy. Biz Oraz bi­len üç og­ly ös­dü­rip ke­ma­la ge­tir­dik. Ogul­la­ry­mam, ge­lin­le­ri­mem bi­lim­li bo­lup, ola­ryň her haý­sy dür­li pu­dak­lar­da zäh­met çe­kip ýör­ler. Me­niň özü­mem hor­mat­ly dynç alyş­da­dy­gy­ma ga­ra­maz­dan, te­le­wi­de­ni­ýe­de güý­jü­miň ýet­di­gin­den re­žiss­ýor hök­mün­de gep­le­şik taý­ýar­lap gel­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da üç og­lu­myz­dan 10 sa­ny ag­ty­gy­myz, 15 sa­ny çow­lu­gy­myz bar. Umu­man aý­dam­da me­niň örän bagt­ly maş­ga­lam bar. Ýö­ne, ar­man Oraz pa­hy­ra bu gün­le­ri gör­mek bag­ty mi­ýes­ser et­me­di. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ny­mal sun­gat us­sat­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni iç­gin öw­ren­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. Men pur­sat­dan peý­da­la­nyp, öz maş­ga­la­my­zyň adyn­dan hormatly Prezidentimize sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek­de alyp bar­ýan uly iş­le­ri üçin çäk­siz al­kyş aýd­ýa­ryn.
Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, akt­ýor hem re­žiss­ýor, köp­le­riň ha­ly­pa­sy, sah­na hem ki­no sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne bü­tin öm­rü­ni ba­gyş­lan, ýaş­la­ryň uly to­pa­ry­na ha­ly­pa­lyk eden Oraz Çer­ke­zow he­mi­şe hor­mat bi­len ýat­la­nyl­ýar. On­da uly ar­zuw­lar bar­dy. Gi­je­si­ni gün­diz edip iş­le­ýär­di. Ol 1977-nji ýyl­dan baş­lap te­le­wi­de­ni­ýe­­de re­žiss­ýor bo­lup işe baş­la­ýar. Ol di­ňe bir re­žiss­ýor bo­lup iş­le­män, eý­sem, akt­ýor bo­lup hem dür­li keşp­ler­de çy­kyş edip­di. Ol te­le­wi­de­ni­ýä­niň köp­çü­lik iş­le­ri­ne-de gat­naş­ýar­dy. Ol ýo­ka­ry us­sat­ly­gy bi­len sun­gat äle­min­de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Onuň sun­ga­ta ta­rap açy­lan giň ýo­la gu­wanç duý­gu­sy çäk­siz­di. Oraz tä öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li ata pen­di­ne-de, ha­ly­pa­la­ryň yna­my­na-da, saý­lap alan kä­ri­ne-de we­pa­ly bo­lup ýa­şa­dy.
Türk­men teatr hem ki­no sun­ga­ty­ny ös­dür­mek­de go­şan sal­dam­ly go­şan­dy üçin 1967-nji ýyl­da Oraz Çer­ke­zo­wa «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar.
Ha­ly­pa­nyň şä­girt­le­ri­niň bi­ri Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ene­jan Oraz­my­ra­do­wa ha­ly­pa­sy­ny ýat­lap şeý­le diý­ýär:
— Oraz ha­ly­pa bi­len bir sah­na­da çy­kyş et­mek diý­seň ýa­kym­ly­dy. Onuň güýç­lü­den ýo­gyn se­si, sah­na­da özü­ni alyp bar­şy üýt­ge­şik­di. To­ma­şa­çy­lar on­dan göz­le­ri­ni aý­ryp bil­mez­di­ler. Sah­na­da bo­lup geç­ýän wa­ka­ny ha­ky­ky ýa­ly edip to­ma­şa­ça ýe­tir­me­gi ba­şa­rar­dy. Ar­man ha­ly­pa­nyň öm­ri gys­ga eken. 1997-nji ýy­lyň iýun aýy­nyň 27-si­ne 63 ýa­şy­nyň için­de ara­myz­dan git­di.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň hü­när­me­ni.