Şu gün – 23-nji aprel halkara iňlis dili güni hökmünde bellenilýär. Häzirki wagtda iňlis dili özara düşünişmek, söwda, tehnologiýa we döwletara gatnaşyklarynda iň köp ulanylýan dil hasaplanýar. Bu dil nemes taýpalarynyň Beýik Britaniýa gelmegi bilen kämilleşip başlaýar. Ol Beýik Britaniýanyň köp böleginiň ene dili hökmünde kabul
edilýär we Britan imperiýasynyň meýdanynyň giňelmegi bilen iňlis Aziýa, Afrika, Demirgazyk Amerika hem-de Awstraliýa sebitlerine çenli ýaýrapdyr. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdunda iňlis dili ene dili hökmünde galypdyr. Iňlis dili dünýaniň 54 döwletiniň resmi dili hasaplanýar.ABŞ, Kanada (fransuz dili bilen bir hatarda), Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly uly döwletlerde iňlis dili resmi dil hasaplanýar. BMG-niň 6 sany resmi we iş dili bolup, şolaryň biri iňlis dilidir.
Iňlis dili hakynda beýleki gyzykly maglumatlar:
William Şeýkspir iňlis diline 1000 töweregi täze söz girizipdir.
Häzirki zaman iňlis dili fransuz, nemes, latyn we köne iňlis dilleriniň goşulmagyndan emele gelipdir.
Iňlis dili latyn elipbiýiniň harplaryndan peýdalanýar.
Iňlis diliniň sözlügine her iki sagatda täze söz goşulýar.
Dünýäde iňlis dilinde ene dili ýa-da ikinji dil hökmünde gepleýänleriň sany 1,5 mlrd-a ýetýär.
Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “E” harpydyr.
Iňlis diliniň iň uzyn sözi 45 harpdan ybarat – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanoconiosis”
Iňlis dilinde iň gysga we gutarnykly sözlem – “I am” (“Men”).
Iňlis dilinde iň köp ulanylýan sypat “good” (gowy).
Dünýä boýunça iň gyzykly ylmy makalalaryň 99 göterimini iňlis dilinde çap edilýär.
Dünýäniň ähli künjeklerinde iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde giňden ulanylýar.
Oguljeren AŞYMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.