Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsiri ýokary depginde dowam edýär. Sporta degişli ähli ýaryşlaryň kalendaryny üýtgeden kowid 19 Ýewropa çempionatynyň şäherleriniň-de çalşyrylmagyna sebäp boldy. UEFA-nyň degişli ýolbaşçylarynyň geçiren ýygnanyşygyndan soň iki şäher üýtgedildi. Duşuşyklaryň tomaşaçyly geçip-geçmejekdigine kepilnama berip bilmedik iki şäher Dublin bilen Bilbao şäherleri sanawdan çykaryldy. Şeýlelikde, Bilbaodaky duşuşyklaryň Sewilýadaky “La Kartuha” stadionynda oýnaljakdygy habar berildi. Ýagny “E” toparçadaky 3 duşuşyk hem-de 1/8 finalyň 1 duşuşygy bu stadionda oýnalar. Dublinde oýnalmaly oýunlar bolsa Sankt-Peterburg şäherine geçirildi. 1/8 finalyň bir oýny bolsa Londondaky “Wembleýde” oýnalar.
Duşuşyklara azyndan 14 500 tomaşaçynyň alynjakdygyny habar beren Münhen şäheri bolsa, sanawda galdy. Şeýlelikde, şäherleriň sany 12-den 11-e düşdi.
EURO 2020-niň duşuşyklarynyň geçiriljek şäherlerinden Budapeştdäki oýunlara 100, Sankt-Peterburg hem-de Bakudaky oýunlara 50, Amsterdam, Buharest, Glazgo, Kopengagen, Rim şäherlerindäki oýunlara 25-33 göterim janköýer alnar. Wembleýde geçiriljek duşuşyklarda stadionyň 25 göterimine tomaşaçy alnar.