Halkara köptaraplylygyň we Parahatçylyk üçin diplomatiýanyň gününi bellemek karary, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň degişli mandatlary we düzgünleri barada aýdylanda, köptaraplylyga we diplomatiýa esaslanýan çemeleşme, guramanyň işiniň esasy üç ugry – durnukly ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary bilen baglanşykly bolan ösüşe goşant goşmak bilen baglanşyklydyr. Soňky wagtlarda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işleriniň netijesinde halkara kadalar we hukuk ulgamlarynyň barha artýan meselelerini çözmäge ýardam eder. Howanyň üýtgemegi, geosyýasy dartgynlyk, gumanitar ýaly global kynçylyklar köp ýurtlaryň gymmatlyklaryna we bähbitlerine täsir edýär we köpçülikleýin jogap berilmegini talap edýär. Mundan başga-da, tehnologik ösüş syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýlara we döwletara gatnaşyklara-da özüniň düýpli täsirini ýetirýär. Bu günki gün, Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň we onda göz öňünde tutulan maksatlaryň we ýörelgeleriň, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylyly ýol bilen çözmek we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek, şeýle hem, köptaraplylygyň tassyklanmagy mynasybetli şu senede bellenilýär. Mundan başga-da, Halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň gymmatlyklaryny wagyz etmek we Düzgünnamada görkezilen maksatlara we ýörelgelere şeýle-de halkyň ynamyna girmek köptaraplylygyň we halkara hukugynyň ähmiýetini tassyklaýar hem-de goşýan goşandy diýseň uludyr we diplomatiýa arkaly dowamly parahatçylygy gurmagyň umumy maksadydyr. Birleşen Milletler Guramasy diplomatiýa, gowy ofisler we araçylyk arkaly düşünişmezligiň öňüni almakda möhüm rol oýnaýar. Häzirki döwürde kynçylyklar globallaşdygyça köptaraplylyk has uly ähmiýete eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler we synçylar, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary we beýleki halkara we sebit guramalary şeýle hem, jemgyýetçilik guramalary we şahsyýetler ýaly raýat jemgyýetçiligi, bu Halkara gününi ýerlikli belleýär we bu günüň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýärler. Şol sanda, bilim jemgyýetçiliginiň habarlar we geçirilýän çäreler arkaly parahatçylyk üçin köptaraplylygyň we diplomatiýanyň peýdalary barada giňişleýin wagyz edýärler.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.