Diş pastasynyň gabygynyň plastiklerden ýasalýandygy sebäpli olardan dolulygyna peýdalanmak kyn bolýar. Şol sebäpli her gezek onuň gutusynyň düýbünde az-owlak pasta galýar. Käbir adam ony kesip, içindäki pastany dolulygyna alýan hem bolsa, köp adam ony zibile taşlap goýberýär. Diç pastalaryny öndürmekde dünýä belli “Colgate” kompaniýasy pastanyň soňky damjasyna çenli gysyp çykaryp bolýan gaby işläp taýýarlady. Bu pasta gabynda 2010-njy ýyllaryň başynda işlenip düzülen we patentlenen “LiquiGlide” tehnologiýasyny ulanýar. Bu gabyň aýratynlygy suwuklygy süýşýän ýörite “superhidrofob” materialyndan ýasalmagydyr. Bu bolsa, gapdan pastany aňsatlyk bilen çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol dury materialdan öndürilendigi sebäpli, içini görüp bolýar. Bu bolsa, ulanyjylaryň pastany dolulygyna görmegine mümkinçilik berýär. bulardan başga-da, gabyň bu görnüşini üwmeç, souslar we beýleki iýmitler üçin hem ulanmak göz öňünde tutulýar.