— Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ulag ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de ra­ýat awia­si­ýa­sy bar­ha güýç­len­di­ril­ýär. Ol ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi­ne öw­rül­di. 2016-njy ýy­lyň 17-nji sent­ýab­ryn­da ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan şan­ly wa­ka bo­lup geç­di. Şol gün paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da hal­ka­ra ho­wa men­zi­li açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Tä­ze top­lum Türk­me­nis­ta­ny yk­ly­myň iri ulag-lo­gis­tik mer­ke­zi­ne, Ýew­ro­pa­ny we Azi­ýa­ny bag­la­nyş­dyr­ýan mö­hüm hal­ka öwür­mä­ge uly go­şant go­şar.
— Mer­ke­zi Azi­ýa­da örän iri we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lan ho­wa men­zi­li 1200 gek­ta­ra go­laý meý­da­ny eýe­le­ýär we 100-den gow­rak des­ga­ny öz içi­ne al­ýar. Şo­la­ryň 48-si esa­sy des­ga­lar bo­lup dur­ýar. Bäş gat­ly baş ter­mi­na­lyň tut­ýan meý­da­ny 190 müň ine­dör­dül metr­den hem geç­ýär. Ol bir ýyl­da 14 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat eder. Üç mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­çy­ny ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­nen ikin­ji ter­mi­nal bi­len bi­le­lik­de, hä­zir­ki za­man ho­wa men­zi­li je­mi 17 mil­li­on­dan gow­rak ada­ma ýa-da sa­gat­da 2 mü­ňe go­laý ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Ýük ter­mi­na­ly bol­sa, 200 müň ton­na ýü­ki üs­tün­den ge­çi­rer. Tä­ze ho­wa men­zi­li­niň äh­li üp­jün­çi­lik ul­ga­my bo­lan iki sa­ny uçuş-go­nuş zo­la­gy bar.
— Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne he­mi­şe­lik üns ber­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň iň tä­ze uçar­la­ry­nyň we di­ku­çar­la­ry­nyň ha­sa­by­na bu gün “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň teh­ni­ki bin­ýa­dy­nyň üs­ti ýe­ti­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da özü­ni iň oňat ta­rap­dan gör­ke­zen “Boeing­ler” hem-de meş­hur beý­le­ki ky­sym­ly teh­ni­ka­lar bi­len onuň ha­ta­ry art­dy­ryl­dy.
— “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň teh­ni­ki bin­ýa­dy döwrebap ho­wa gä­mi­le­ri­ne hem-de di­ku­çar­la­ryna eýe­dir. 2013-nji ýyl­da “Boeing-737-800” ho­wa uçar­la­ry­nyň üçü­si hem-de 2014-nji ýyl­da “Boeing-777-200 LR” uça­ry­nyň iki­si ge­lip go­wuş­dy. 2015-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Boeing-737-800” uçar­la­ry­nyň üçü­si­ni sa­tyn al­mak ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Mun­dan baş­ga-da, ýer­li uçuş­lar­da peý­da­lan­mak üçin dür­li kom­pa­ni­ýa­lar­dan 50 we 100 ýo­lag­çy orun­lyk bo­lan ho­wa gä­mi­le­ri­ni soň­ra sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len öw­ren­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
— Hä­zir­ki wagt­da “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň ho­wa gä­mi­le­ri içer­ki ho­wa ugur­la­ryn­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň ýurt­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­na yzy­gi­der­li uçuş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler, uçuş­la­ryň ge­ri­mi yzy­gi­der­li gi­ňe­ýär.
— Türk­me­nis­tan bi­len Lýuk­sem­bur­guň ara­syn­da ho­wa gat­na­wy ha­kyn­da Hö­kü­me­ta­ra yla­la­şy­gy ga­za­nyl­dy. Ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­dan baş­lap, Ýew­ro­pa­nyň iri ho­wa ar­ka­ly gat­na­dy­jy­sy bo­lan “Car­go­lux Air­li­nes In­ter­na­tio­nal” kom­pa­ni­ýa­sy Lýuk­sem­burg – Türk­men­ba­şy ug­ry bo­ýun­ça, şu ýy­lyň iýu­nyn­dan baş­lap bol­sa, Aş­ga­ba­da hem ýük da­şa­ýyş uçuş­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip baş­la­dy.
— “Pe­ga­sus” türk awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri, Türk­me­nis­tan­da onuň we­kil­ha­na­sy­ny aç­mak bo­ýun­ça gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Ýa­kyn wagt­da “Pe­ga­sus” Stam­bul-Türk­men­ba­şy ug­ry bo­ýun­ça uçuş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip baş­lar.
— Türk­me­na­bat şä­he­rin­de-de hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Da­şog­zuň ho­wa men­zi­lin­de bol­sa uzyn­ly­gy 3800 metr bo­lan döw­re­bap eme­li uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. 2010-njy ýyl­dan bä­ri Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li iş­le­ýär. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de bi­na edi­len, sa­gat­da 800 ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň äh­mi­ýe­ti uly.halkara-howa-menzili-we-turkmen-awiasiya-ulgamy