Ýatda galyjy başdan geçirmele­re baý bo­lan üýtgeşik ýerler yn­sa­ny ra­hat­lan­dyr­ýar, dur­mu­şa bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Bu ýerler diňe bir täsin bol­man, eýsem, öz myhmanlaryna ra­hat dynç alyş üçin amat­ly şert­le­ri hem dö­red­ýär. Ýer ýü­zün­de her möw­sü­me mah­sus dynç alyş mer­kez­le­ri bar. Syýahatçylyk bilermenleri dün­ýä­niň iň owa­dan, aja­ýyp ho­wuz­la­ry­nyň sanawyny taýýarlapdyrlar. Geliň, ada­ty ho­wuz­lar­dan örän ta­pa­wut­ly bo­lan bu ýer­le­riň kä­bi­ri ha­kyn­da gysgaça mag­lu­mat­la­ra seredeliň!
Dün­ýä­de iň uly üs­ti ýa­pyk ho­wuz: Aş­ga­ba­dyň kä­bir des­ga­la­ry bel­li bir ugur­da­ky öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri Olim­pi­ýa şä­her­çesin­dä­ki Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­ni dün­ýä­de iň uly suw­da ýü­zül­ýän üs­ti ýa­pyk ho­wuz hök­mün­de yk­rar et­di­ler. Bu suw top­lu­myn­da spor­tuň suw­da ýüz­mek we su­wa bök­mek gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra bir wagt­da 5 müň adam to­ma­şa edip bil­ýär. Suw top­lu­my­nyň di­war­la­ryn­da dür­li meý­dan­ly dört ho­wuz ýer­leş­di­ri­len­dir. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri­niň 2017-nji ýy­lyň 26-njy ap­re­lin­de ge­çi­ren öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, top­lu­myň ho­wuz­la­ry­nyň umu­my meý­da­ny 4 müň 976,65 ine­dör­dül met­re (53 568 ine­dör­dül fut) ba­ra­bar­dyr.
Dag man­zar­ly ho­wuz: Alp dag­la­ry­nyň te­bi­ga­ty­nyň nä­hi­li tä­sir gal­dy­ry­jy we aja­ýyp­dy­gy­ny bil­ýär­mi­si­ňiz? Alp dag­la­ry­nyň Şweý­sa­ri­ýa­da­ky bö­le­gin­de ýerleşýän myh­man­ha­na hem aja­ýyp how­zy bi­len gö­ren­le­ri özü­ne çek­ýär. Bu ho­wuz ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da su­wu­nyň my­la­ýym­ly­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. How­zuň su­wu­nyň ýy­ly­ly­gy to­mus­da-da, gyş­da-da 34 de­re­jä ba­ra­bar­dyr. Ho­wuz­da ýüz­ýän­ler dag ete­gi­niň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Dag ete­gin­dä­ki myh­man­ha­na­nyň aşa­ky bö­le­gi kä­wagt bu­lut­lar bi­len ör­tül­ýär. Bulutdan belentdäki howuzda ýüzmegiň ajaýyp duýgyny döredýär.
Iň uly açyk ho­wuz: Çi­li­niň Al­gar­ro­bo şä­he­rin­dä­ki «San Al­fon­so Del Mar»-yň gur­lu­şy­gy­na 5 ýyl ge­rek bo­lup­dyr. Ägirt uly tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 2 mil­liard dol­lar sarp edi­lip­dir. Uzyn­ly­gy 1,3 ki­lo­met­re, çuň­lu­gy 3 met­re ýet­ýän ho­wzuň meýdany 8 gek­tar. Ke­nar­da gur­lan ho­wuz de­ňiz su­wy bi­len dol­du­ryl­ýar. Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky suw top­lu­my 2008-nji ýyl­da dün­ýä­dä­ki iň uly açyk ho­wuz hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
Aku­la­ly ho­wuz: Las We­gas­da­ky «Nug­get» myh­man­ha­na­syn­da «Tank» (how­dan) at­ly ho­wuz­da dür­li de­ňiz jan­dar­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Dün­ýä­niň iň tä­sin ho­wuz­la­ryn­dan bi­ri bo­lan «Tank» üç gat­ly bo­lup, ýü­zül­ýän ýer bi­len deňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­ýan bö­le­gi aý­na bi­len bö­lü­nip­dir. Şeý­le­lik­de bu ýe­riň myh­man­la­ry öz­le­ri­ni äpet okea­na­ri­um bi­len ýa­na­şyk ýer­leş­ýän ho­wuz­da aku­la­la­ryň, os­mi­nog­la­ryň we beý­le­ki jan­dar­la­ryň ara­syn­da ýüz­ýän ýa­ly duý­ýar­lar. Göw­rü­mi 750 ton­na ba­ra­bar bo­lan ho­wuz­da 300-den gow­rak de­ňiz jan­da­ry we aja­ýyp dür­li ösüm­lik­ler bar.
«Çäk­siz ho­wuz»: soň­ky ýyl­lar­da bir ta­ra­py­nyň er­ňe­gi bol­ma­dyk tä­sin ho­wuz­lar sy­ýa­hat­çy­la­ry has köp özü­ne çek­ýär. Şeý­le ho­wuz­la­ryň iň owa­da­ny Gre­si­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri San­to­ri­ni­de gur­lup­dyr. Be­ýik de­pä­niň ge­riş­le­rin­de gur­lan «Pe­rivolas» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ho­wuz­da Egeý deň­zi­niň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ne to­ma­şa edip bol­ýar. Bu ýer­de su­wa dü­şü­len­de how­zuň ni­re­de gu­tar­ýan­dy­gy­ny we um­ma­nyň ni­re­den baş­lan­ýan­dy­gy­ny saý­gar­mak ju­da kyn. Myh­man­ha­na we ho­wuz daş-tö­we­re­gi­niň te­bi­ga­tyna görä saz­la­şyk­ly reňk­ler bi­len be­ze­lip­dir.
«Gel­lert ham­mam­la­ry»: Du­naý der­ýa­sy­ny ikä böl­ýän Bu­da­peşt şä­he­ri ta­ry­hy ham­mam­la­ry bi­len bel­li­dir. Şä­her­de ýe­ras­ty gyz­gyn suw gor­la­ry ýy­ly­lyk çeş­me­si hök­mün­de ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyl­ýar. Şä­her­dä­ki bir­nä­çe myh­man­ha­na­da we ham­mam­da te­bi­gy gyz­gyn suw­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Gel­lert ham­mam­la­ry has meş­hur­dyr. Bir asyr tö­we­re­gi ta­ry­hy bolan top­lum­da dür­li ulu­lyk­da­ky 10 ho­wuz bar.
«Ho­wa­da­ky ho­wuz»: Te­has­da­ky ka­şaň «Jou­le» myh­man­ha­na­sy dün­ýä­niň iň tä­sin des­ga­la­ry­ny bi­ri­dir. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da­ky how­zuň bir bö­le­gi bi­na­nyň gap­da­lyn­da gur­lup­dyr. In­že­ner­ler how­zuň da­şar­ky bö­le­gi­niň berk aý­na­dan gur­lan­dy­gy se­bäp­li örän berkdigini we ar­ka­ýyn ýü­züp bol­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Bu üýt­ge­şik di­zaýn ne­ti­je­sin­de myh­man­lar öz­le­ri­ni bi­na­nyň da­şyn­da, ho­wa­da ýüz­ýän ýa­ly duý­ýar­lar.
Eme­li ada­ly tro­pik to­kaý: Ger­ma­ni­ýa­nyň Kraus­nik şä­he­rin­de ula­nyş­dan ga­lan di­ri­žabl han­ga­ry tä­sin te­bi­gy kün­je­ge öw­rü­lip­dir. Dün­ýä­dä­ki iň uly ýa­pyk ak­wa­park bo­lan des­ga­nyň için­de to­kaý, plýaž, pal­ma agaç­la­ry we bir­nä­çe ho­wuz bar. Uzyn­ly­gy 140 metr, umu­my meý­da­ny 4 müň 400 m2 bo­lan how­zuň or­ta­syn­da mer­jen ada­la­ry bar.

Habib Halmamedow,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we
ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mugallymy.