Kine – öýke, kineli bolmak – öýkeli bolmak, göwni galmak (kinesiz bolmak – öýkelemezlik, gaty görmezlik).
Dost – ynsanyň ýakyn adamy, syrdaşy, ýürekdeşi. Halk arasynda dost, dostluk hakynda ençeme nakyllar, ertekiler, rowaýatlar we uly göwrümli eserler bar. Olaryň arasyndan iň köp aýdylýanlarynyň biri hem şu jümledir: «Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe aýdar».
Bu nakylda «dogry dost» diýlip, biziň üçin wepaly, dürs we şowuna düşen dostluk göz öňüne tutulýar. Dogry dost her hili çylşyrymly, kynçylykly ýagdaýda hem dostundan ýüz öwürmez, öýke-kineli gezmez. Dost elmydama dogry hasaplanyny, ýüreginden gelenini aýdar. Özem seniň goýberen ýalňyşyňy, kemçiligiňi il ýanynda däl-de, diňe saňa aýdyp, dogry ýoly salgy berer. Dost her bir säwligi ýekelikde we maslahat beriji äheňde aýdar.
Bu nakylda aýdyljak bolunýan ýene bir pikir, dost ýüzüňe aýdar, mundan öýke-kine etmeli däl, onuň bu hereketiniň zeleli ýok, haýry bar. Ýöne käte hatalarymyzy görübem, sesini çykarman, biparhlyga salýan, gaýta ýönekeýje zatlar üçin öwgüläp, bähbidiň hatyrasyna ýüzüňe gülýän adamlara hem duşmak mümkin. Bu nakylda şeýle «hoşamaýlyga» aldanmazlyk ündelýär.