Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň der­ýa­la­ryn­da, köl­le­rin­de we how­dan­la­ryn­da ýa­şa­ýan ýyr­ty­jy ba­ly­gyň bi­ri-de pi­ran­ýa­dyr. Ama­zon­ka­da iň köp ýaý­ran bu ba­lyk is­len­dik süý­ji su­wa uý­gun­la­şyp bil­ýär. «Ser­ra­sal­mi­dae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li ki­çi­jik ýyr­ty­jy ba­lyk­lar suw­da­ky is­len­dik za­dy iýip bil­ýärler. Pi­ran­ýa­la­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy awu­na sü­ri bo­lup to­pul­ma­gy­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bir sü­rüde 20-den 1000-e çenli pi­ran­ýa­ bolup, ul­la­kan ba­ly­gy bir­nä­çe se­kun­dyň için­de ýom-ýok ed­ýär.
Pi­ran­ýa sö­zi il­kin­ji ge­zek 1710-njy ýyl­da iň­lis ede­bi­ýa­tyn­da por­tu­gal di­lin­den al­nan söz hök­mün­de peý­da bol­ýar. Süý­ji suw­da ýa­şa­ýan bu ba­ly­gyň 60-dan gow­rak gör­nü­şi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da pi­ran­ýa­nyň 38-39 gör­nü­şi yl­my taý­dan yk­rar edil­di. Şo­la­ryň 25-si Ama­zon­ka, 16-sy Ori­no­ko, 3-si Pa­rag­waý we Pa­ra­na, 2-si San-Fran­sis­ko der­ýa­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Pi­ran­ýa­lar Bang­la­de­şiň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Kap­taý kö­lün­den hem ta­pyl­dy. Şeý­le hem Hy­ta­ýyň Lisz­ýan der­ýa­syn­da gö­rül­di. Ame­ri­ka­dan, ýag­ny baş­ga ma­te­rik­den Azi­ýa yk­ly­my­na bu ba­ly­gyň nä­hi­li ýag­daý­da ge­len­di­gi hü­när­men­le­ri pi­kir­len­dir­ýär.
Pi­ran­ýa­nyň ulu­ly­gy 12-35 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Kä­te bu ba­ly­gyň 60-70 san­ti­met­re ýet­ýän has ulu­la­ry hem duş gel­ýär. Pi­ran­ýa­nyň ýo­kar­ky ýüz­gü­ji we guý­ru­gy ga­ram­tyl, iki gap­da­ly we gar­ny­nyň aşa­gy kü­müş­söw-mä­mi­şi reňk­de bol­ýar. Owa­dan ba­ly­gyň eňek süň­ki örän çe­ýe bo­lup, güýç­li zar­ba we uly ýyr­ty­jy­la­ryň hü­jü­mi­ne döz gel­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Pi­ran­ýa it di­şi­ne meň­zeş ýi­ti diş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pi­ran­ýa­nyň äh­li gör­nü­şi­niň ýo­kar­ky we aşa­ky äňi­niň bir ha­ta­ry­ny ýi­ti diş­ler eme­le ge­tir­ýär. Ýyr­ty­jy ba­lyk ag­zy­ny ýu­man­da diş­ler bi­ri-bi­ri­niň ara­sy­na gi­rip, gulp­la­nan ýa­ly berk ýa­pyl­ýar. Bul bol­sa pi­ran­ýa­nyň awu­ny has berk tut­ma­gy­na we çalt­lyk bi­len go­pa­ryp iý­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Pi­ran­ýa­laryň beý­le­ki ba­lyk gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da çe­ýe hem çalt he­re­ket ed­ýän eňek myş­sa­la­ry­ bar. Bu bol­sa pi­ran­ýa­nyň has ça­la­syn we güýç­li diş­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Bu balyklar, adat­ça, iý­mek is­le­ýän za­dy­ny go­pa­ryp al­ýar­lar.
Ki­çi­jik­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, uzak­ly gün iý­mit­le­nip gez­ýän pi­ran­ýalar her gün or­ta­ça 2,5-540 gram ara­ly­gyn­da iý­mit iý­ýär. Ki­çi­jik ýyr­ty­jy ba­lyk­lar kä­te su­wa ga­çan uly jan­dar­la­ra (at, sy­gyr…) hü­jüm ed­ýän bol­sa­lar-da, ag­la­ba bö­le­gi ow­nuk ba­lyk­lar, mör-mö­jek­ler, ösüm­lik­le­riň to­hu­my, mi­we bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Hü­när­men­ler kä­bir pi­ran­ýa sü­rü­si­niň guş, ýy­lan we ki­çi süý­dem­di­ri­ji­ler bi­len iý­mit­len­ýän­di­gi­ni hem bel­le­ýär­ler. Pi­ran­ýa­lar gu­rak­çy­lyk möw­sü­min­de der­ýa­nyň su­wu­nyň pe­se gaç­ma­gy bi­len iý­mit ýet­mez­çi­li­gin­den ejir çek­ýär­ler. Şol wagt ga­har­jaň ki­çi­jik ýyr­ty­jy­lar su­wa gi­ren is­len­dik za­dy iýip bil­ýär­ler.
Tim­sa­h (kro­ko­dil), Ama­zon süý­ji suw del­fi­ni­ (bo­to) hem-de suw ýy­la­nla­ry pi­ran­ýa­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, Ama­zon bas­seý­nin­de pi­ran­ýa sü­rü­le­ri­niň sa­ny­nyň art­ma­gy do­wam ed­ýär. Şol se­bäp­li ýy­lyň bel­li bir möw­sü­min­de pi­ran­ýa­lar köp­çü­lik­le­ýin aw­lan­ýar. Tu­tu­lan pi­ran­ýa­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi eme­li how­dan­lar­da, şeý­le hem ak­wa­ri­um­lar­da sak­lan­ýar.
Gy­zyl ga­ryn­ly pi­ran­ýa ýyr­ty­jy ba­lyk­lar maş­ga­la­sy­nyň ak­wa­ri­um­da iň köp sak­lan­ýan gör­nü­şi bo­lup, bu ba­ly­gy beý­le­ki ba­lyk­lar bi­len bi­le­lik­de go­ýup bol­ma­ýar. Köp­lenç aý­na­ly gap­da 3-4 sa­ny pi­ran­ýa bi­le­lik­de sak­lan­ýar. Pi­ran­ýa sak­lan­ýan ak­wa­riu­ma bar­ma­gy­ňy ba­tyr­mak ýa-da su­wu­ny aras­sa­la­ýan wag­tyň diş­li ba­ly­gy el­le­mek howp­ly ha­sap­lan­ýar. Pi­ran­ýa­nyň eti Ama­zon bas­seý­nin­de ýa­şa­ýan ýer­li hal­kyň esa­sy iý­mi­ti­dir. Ýö­ne köp­ler ýyr­ty­jy ba­ly­gyň eti­ni bi­raz ga­ty hem-de gyl­çyk­ly gör­ýär.