Amerikanyň günbatar kenarlarynda ösdürilip ýetişdirilýän täsin miweleriň biri-de paýnberri bolup, tagamy hem-de reňki bilen tapawutlanýar. Ýertudananyň çaknyşdyrylan görnüşi hasaplanýan paýnberriniň reňki ak, gabygyna ýapyşyp duran çigitleri gyzyl bolýar. Şol sebäpli bu miwe uzakdan seredeniňde gülgün öwüsýän ýaly görünýär. Köpler paýnberriniň tagamyny adaty ýertudana meňzeşdir öýdýärler. Ýöne bu miwäniň ananasyň tagamyna we ysyna meňzeş özboluşly aýratynlygy bar.
Ýürek şekilli kiçijik miweleriň ululygy 1,5-2,5 santimetre ýetýär. Miwe örän ýumşak we suwly bolandygy sebäpli çalt zaýalanýar. Şonuň üçin ak ýertudanany uzak ýola äkidip bolmaýar. Ýetişen paýnberrini sowadyjyda doňduryp saklap, iýmezden öň ýuwmak iň gowy usuldyr. Ak ýertudanadan terligine iýilmek bilen bir hatarda, kokteýl we goýy miwe içgileri taýýarlanylýar. Şeýle hem süýjüliklere, desertlere, gök önümlerden taýýarlanýan dürli naharlara, duza ýatyrylan işdäaçarlara hem-de et marinad edilende goşulýar.
Köpler tarapyndan «albinos ýertudanasy» diýlip atlandyrylýan bu miwe XXI asyryň başynda niderland bagbanlary tarapyndan Ýewropa ýurtlarynda hem ösdürilip ýetişdirilip başlanýar. Adaty ýertudana ýaly ýere ýazylyp ösýän ösümligiň baldaklarynyň uzynlygy 20-30 santimetre ýetýär. Gyzgylt gül açýan bu ösümlik ýylda bir gezek, ýagny maý-iýun aýlarynda hasyl berýär. Şol sebäpli bu miwä başgaça «iýun miwesi» hem diýilýär. ABŞ, Angliýa we Germaniýa ýaly ýurtlarda restoranlara barýan müşderileriň sargyt eden naharynyň gapdalynda bir bölek ak ýertudana hem hödür edilýär. Bu bolsa miwäniň meşhurlygyny artdyrýar.
PDF








